Salam, oglanlar we gyzlar! Ýakyn wagtda men gyz jigimi Ukrainanyň Harkow Politehniki Institutyna (HPI) zaoçny okuwa ýerleşdirmek üçin Harkowa gidip gelmeli boljak. Şol institutda okaýanyňyz ýa-da şol institut barada giňişleýin info bilýaniňiz bar bolsa, haýyş, ýazaýyň. Soraglar: 1. Ykdysadyýet, bank ugry boýunça zaoçny okap bolýarmy? 2. Nähili dokumentler gerek? 3. Zaoçny okuw üçin dokumentleri tabşyrmagyň iň soňky möhleti haçan? Men noýabryň aýagyna çenli bolýar diýip eşdipdim. 4. Baryp göni girip bolýarmy? Giriş ekzamenden geçirýärlermi ýa-da onuň üçinem şapka (para) tölemelimi? 5. Ýyllyk (ýa-da semestr) tölegi näçe? 6. Ýylda diňe 1 gezek sessiýa baryp gaýdar ýaly edip bolýarmy? Ýagny, adatça bolşy ýaly 2 gezek däl-de diňe 1 gezek. 7. Her ýylky sessiýalarda mugallymlar bilen kynçylyksyz dil tapyşyp bolýarmy? 'Gaýrat et' diýip, her mugallyma 10-15$ soksaň problemasyz geçirýärlermi? Ýa-da pul sokmak üçinem aýratyn ýalbaran bolmalymy? 8. Ýylda 1 gezek gidip, 1 aýyň dowamynda sessiýalary kynçylyksyz dynyp bolýarmy? Gaýrat ediň, talypdaşlar we teswirdeşler, bileniňizden kömek ediň! Hemmämizem türkmen, biri-birimize kömek edeliň. Minnetdar. Garadamakly /PS/ Eger-de barsak, 'Eýtmeli-beýtmeli' diýip biljegiňiz bolsa-ha hasam gowy bolardy.

Köneler, Garadamakly tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir