Ýene nurun saçdy sansyz yŞyklar. Ýene öwŞün atdy Gündogar bulwar. Gysmyljyrap otyr juwan aŞyklar, Hersiniň elinde bir desse gül bar. Menem peýwagtyma aýlanyp ýörün, Tutup oguljygmyň akja elinden. Ýöne gözlerimi aýryp bilemok, Gyzlaň elindäki bahar gülünden. Şeýle ter gülleri, elwan gülleri Bir mahal maňa-da beripdi bir gyz. Eý, ilkinji söýgiň ajap ýyllary, Unudyp bilmeýän men seni hergiz. … Student ýigitdim. Gymmat bahaly Sowgatlar äbermek men üçin ýatdy. Gijeler döredýän goŞgularymdan baŞga bir ullakan baýlygym ýokdy. Men goŞgy ýazardym, sen bolsaň her gün Bahar güllerinden baglardyň çemen. Gör, neneňsi gözel, Gör, neneň ter gül! Synlap, sil suwy dek joŞardym menem… Ýürek bardy bu gülleriň içinde, Posa bardy bu gülleriň içinde, …Şeýdip ilki söýgiň gudratyna men Göz ýetirdim bu günleriň içinde. Indi name?.. Geçip giden ýanwarlar Doňdurypmy ýürekleriň gabygyn? Posa bilen ýaňlandyrlan bulwarlar, Sizden maňa orun ýokmy ýa bu gün? Zyýany ýok. Goý, bolmasa bolmasyn, aŞyklara orun berseň bes maňa. Ynha, meniň eziz oglum joňkuldap, Ýetip barýar ýigitligiň paslyna. Baýyrlardan ýygyp bahar güllerin, Ynha, ol-da gurup berer toý bize. Ilkinji söýginiň ajap ýyllary Ýene gaýdyp geler biziň öýmüze. Ýene nurun seçer sansyz yŞyklar, Ýene öwŞün atar Gündogar bulwar. Ynsan garrasa-da garramaz göwün, Baglar garrasa-da, bahar bar, gül bar. Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir