Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara, Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý! Haýran-Mejnun bolup, çykam çöllere, Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý! Oýun bilen oglanlygyň deminden, Ýetip geldim kämilligiň çeminden, Köňlüm lerzan boldy dünýä gamyndan, Tutdy synam çapraz-çapraz daglar, heý! Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan, Ýetip geldim kämilligiň paýyndan, Batdy başym, çykabilmen laýyndan, Ýada düşer öňki gezen çaglar, heý! Jahyllykda çar tarapa atyşan, Bilmezlikden hamu işe gatyşan, Ajyz galyp, garrylyga ýetişen, Dert edinip, öz-özünden aglar, heý! Magny aňlañ Magtymguly sözünden, Pikre düşer, ýaşlar akar gözünden, Hemme zatlar tagýyr tapar özünden, Ýa, reb, ýykylmazmy beýik daglar, heý!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir