Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Birata (öňki Darganata) etrabynyň şyharyk obasynda eneden bolýar. Dogduk obasynda orta mekdebi tamamlandan soň, iki ýyl mugallym bolup işländen soň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1960-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şahyry uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasyna mugallym edip işe alyp galýarlar. Halyl Kulyýew ömrüniň ahyryna çenli mugallymçylyk kärini dowam etdirdi. Ol 1978-nji ýylyň 8-nji martynda aramyzdan gitdi. Ol geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynyň edebiýatyny altyna gaplan zergärleriň biri bolup, “Halyl Kulyýewiň şygryýeti…” diýlen düşünjäni ýadygärlik galdyran şahyr. Halyl Kulyýewiň şygryýeti baharyň bütin barlygyny ozüne siňdirip, şahyrana bahary kemala getiren döredijilikdir: şypalydyr, şirindir, ymsyndyryjydyr… biz muny diňe bahar hakyndaky goşgulary däl-de, eýsem, şahyryň bahar tebigatyna dahyly bolmadyk şygyrlaryny, tutuş şahyrlyk labzyny nazara alyp aýdýarys. tebigatyň bahary her ýyl döräp, her ýyl sowlup gidip otyr. şahyryň bahary bolsa şol bir durkuny – baharlygyny saklap gelýär. Çünki ol geçmişiň, ýaşan ýyllarynyň we geljegiň baharlaryndan alamatlary özüne siňdiripdi. Süýjülik suwuny başyňa çeken ýaly bir duýgy döredýän goşgularyny şahyryň okaýşy gulagymdan gidenok. Her sözüni ýognasrak sesi bilen däne-däne edip aýdardy. Uzaklara bir ýerlere serederdi, hamala, nazaryny diken ugrunda gara daglar görünýän ýaly, aňyrsyndan Gün göterilip barýan ýaly, kimdir biri Günüň içinden çykyp gelýän ýaly… Onuň goşgularyny näçe gezek öz dilinden diňlänim ýadyma düşenok. Ýöne, nämüçindir, irigip bilemok, soň-soňlaram telim gezek okadym. Häzirem okap yours. Bu jady, belki şygryň ýüregi böwsüp çykanlygyndandyr. Aslynda, Halyly şahyr hökmünde ile tanadan eserlere siňen neşterli duýgulardy. Şu häsiýet Halylyň döredijiliginiň ilkinji ädimlerinden başlanypdy: Aydylmadyk sözler bilen ulalyp, Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men. Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi, Ýasadym olardan ajap aýdym men. Şeýle goşgulary ýene okasyň gelýär, ýene ýazylmagyny isleýärsiň. Şahyr okyjylaryň islegini öz wagtynda duýupdy, “Uniwersitet ýyllary”, “Bahar buşlukçysy”, “Seniň aýdymyň”, “Hemişelik galaly”, “Ykbal”, “Gündogar bulwary” ýaly ýene ajaýyp goşgulary ýazdy. Göwnümiz bitdi. Şeýdip döredijilik taplandy, şeýdip zehin turuwdan özüni ykrar etdirýär, birhili, baharyň tämiz howasy ýaly. Halyl Kulyýewiň edebiýata gelşi şu görnüşde gözümizde galypdyr. Duýguçyllyk hem hil-hil. şahyryň duýguçyllygy özüniň akyly, romantikasy, näzik dünýewiligi bilen imrindirýär. Ýogsa, Halyl Kulyýewiň “Daň agarýar”, “Säher salamy”, olary özünde jemleýän “Güneş” ýygyndynyň gozgaýan meseleleri ýaşlyk, söýgi, uruş, parahatçylyk, ejdatlara sarpa, nesiller, ýollar, derýalar, daglar. Görnüşi ýaly, meseleler hemmä gyradeň – ortalyk, emma ruhy hususy. Bu kämillikden nyşan: Ýene nurun seçdi sansyz yşyklar, Ýene öwşün atdy Gündogar bulwar. Gysmyljyrap otyr juwan aşyklar, Hersiniň elinde bir desse gül bar. Hemme zat adaty, aýdyň: bahar gülleri, bulwarlar, aşyklar, ýaşlyk – gulagymyzyň ganan sözleri. Halyl Kulyýew şu endige öwrülen sözleri şeýlebir “ýugrup ýasady” welin, olaryň agramly, hyjuwly, duýgy doly sözlerdigini aňşyrmandygymyza oturyp-oturyp geň galýarys. Olar saňa ýyllar bilen üsti örtülen näzik duýgularyňy, mähir-muhabbetli mährem sözleriňi gaýtaryp berýär, dünýewi pelsepesi bolsa durmuşa, ömre bolan yhlasyň näzik owazy bolup kalbyňa damýar, şygyr düzmegiň göreldesini görkezýär. Ine, şular ýaly şygryýete mugallym şahyrçylyk diýilýär. şahyryň mugallymçylyk kesbini dowam edýän şygryýetiniň özboluşly şekilleri hakda ýene-de birentek gürrüň etmek bolardy. Çünki şahyrana özboluşlylyk birki häsiýetiň jemi bolman, birgiden çeper nysaklaryň, hadysalary şahyrana şekillerde Kabul ediş endikleriň, galyberse-de, şol zatlaryň hamyrmaýasy bolup duran ideýa-tematiki eňňidiň hasyl edýän zadydyr. Bu ýagdaýlar aňly-düşünjeli ylmy derňewleri talap edýär. G. Geldiýew Professor.

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir