Säher daň ýyldyzy ýaldyran çagy, Nur saçmagy ýalkymyňdan öwrensin. Şöhle saljak bolsa daňyň şapagy, Seniň gar dek alkymyňdan öwrensin. Bu gözel baglaryň benewşe güli, Goý, çyn gül bolmagy senden öwrensin. Gül diýip joş uran bahar bilbili, Gülün wasp etmegi menden öwrensin. Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir