Gyzym bolsa Bahar dakjak adyna, Goý, ol mydam bahar ýaly şat bolsun. Her bir işde gorky düşmän ýadyna, Bagtyýar ýaýnasyn, gorky ýat bolsun. Kümüş dek gupbaly ala daglaryň Gatbar-gatbar buzlaryny eretsin. Çyn bezegi bolup goýry baglaryň, Sil akdyryp, çölde umman döretsin. Tisginmän aňzakdan, çekinmän gyşdan, Sähralarda gül gögerdip, bag eksin. Ýaýdanmasyn, başy çyksyn her işden, Ýadamazdan zähmet çeksin, der döksün. Isle alym bolsun, isle-de daýhan, Yhlasly darasyn, söýen zadyna. Her ýerde bahar dek bolsun şadyýan, Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna. Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir