Käte ýeke çykyp gijeden-gije, Käte şägirtlerin yzyna tirkäp, Gijeler ogurlap towukdyr jüýje, Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp. Asyl bir oba däl onuň çürkäni, Köp ýerlere ýeten eken yzasy. Ahyr bir gün… Ajaýyp bir ýaz güni Dolanmyşyn o bendäniň kazasy. Üýşüşip bir ýere ilen-çalany, Däbe görä öwenmişler öleni: - ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, Ahyretde hemra bolsun imany. Arman, ýöne tapylgysyz ýigitdi, Hiç bilmezdi iliň hakyn iýmäni. Daýysy, dogany, ýegen, ýeňňesi, Däbe görä öwenmişler hemmesi. Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň Ýeke özi galanmyşyn seretse. Onsoň bu-da öwenmişin özüçe: “Ogrujady, ogrujady, neresse…” Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir