gülüm duşuşmaga söz berdi maňa, Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça. çalaja tolgunyp garaşdym oňa, bilbile duýdurman, gülden ogrynça. Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy, Kümüş şöhlesini her ýana saldy, gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy, sypadym zülpüni ýelden ogrynça. çal bulutlar pytrap, syryldy perde, bahar ýeli oýun gurdy bar ýerde, Menem gül içinde - çolaja ýerde öpdüm söýgülimi ilden ogrynça. Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi, bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi, ... ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi, ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça.

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir