bu gün sensizlige birnaçe ýyllar bolýar... kalbym öwrenişdimi sensiz? ýok ol häzirem ahy-nalada, emma beýinde eýýäm hemme zat çözülgi... sen indi meňki däl! sen başga biriniň gujagynda... onuň gözlerine bakanda ýüregin batly urýar, meňkä bakanda däl öňkiler ýaly... ýalňyşlykmy seni ýitirmek, ýa bagtmy bilemok... belki bagt bolsa-da, seniň bilen ýene şeýle durmuşda gabat gelmek, hat-da ýitirjegimi bilsem-de iň bolmanda birazajyk sen bilen bile bolmak maňa nähili wajypdygyny bilsediň güljagazym. durmuş öz oýnuny etdimi, ýa biz dogry hereket etmedikmi bilemok welin, ýöne meniň pikirimçe biz ýalňyşdyk... dogursy men ýalňyşdym... ýok seni söýüp däl... saňa öz duýgymy doly düşündirip bilmänligim üçin ýalňyşdym... “şol pursatlary yzyna getirip bolsady”, biz köp adamlardan bu kinaýaly sözleri eşidýäris adam adam bolaly bäri... her kim muňa maňlaý diýýär, käbirleri beýlekileri günäleýär... ýöne durmuşy biz özümiz ýaradýarys... biz öz ellerimiz bilen gowylygam, ýamanlygam döredýäris... bu ýerde ne durmuş, ne-de başgalarynyň günäsi bar... emma edil akar suwam bir gün suwy gutarşy ýaly, gözýaşlaram tükenýär... aslynda tükenmeýär, ýöne gözden dokülýän ýaş gurap başlaýar, kalbda aňymyzyň diýenini edip başlaýar... çünki aň ilkinji bolup ýagdaýa düşünýär... ýöne bu iki adam organynyň arasynda soňky minuda çenli söweş gidýär... umyt...ine şu duýgynyň ýitmegi adamzadyň kalbynyň aňdan asgyn gelmegine sebäp bolýar. emma ýürek umydyny ýitirenden soň aňam doňup galýar... hereketler öz özünden amala aşmaga başlaýar, diri adam öz-özünden edil ulag deý togtaýar... sebäp aň kalby ýeňmek üçin şeýle uly güýç sarp edýär welin, soňunda hiç hili aň galmaýar... bu hem söýginiň güýçlilik derejesine görä üýtgeýär. mejnunyň däliremeginiň sebäbem bu ahbetin... närazy bolup bilinmez welin durmuşdan, emma kalbymyz mydam umytly gezer, bu haldan soň hem kineli... belki kinäni özümizde gozlemeli welin... emma biz ýene haýynlyk edip hudaýa ýükläris durmuşyň agyr külpetlerini...aslynda öýke ederis ondan, islegimiziň ýerine ýetmezliginden...

Köneler, imperator tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir