Söýgi, hasratly hem-de lezzetli duýgy! Men sen hakda hemişe arzuw edýärdim. Ýöne sen maňa miýesser edeňokdyň... Ine-de ajap günleriň birinde sen gelip, oglan kalbymyň gapysyny kakdyň hemem onuň entek aralaşylmadyk gür jeňňelliklerine aralaşmaga synanyşdyň. Ýöne gynansam-da, saňa ol päkize jeňňellige girmäge ýol bermäge meniň hakym ýokdy. Çünki, sen eýýäm başga kişä degişlidiň. Men özümi ogry ýaly duýdum hemem seni ýigrenmäge delil gözledim, seni özümden sowatmak, daşlaşdyrmak isledim. Men ony başardym. Ondan soň birnäçe wagt geçdi. Ýöne şonda-da men şol pursaty, aýdan şol sözleriňi, nemli gözleriňi hakydamdan çykaryp, unudyp bilemok. Men nädip unudaýyn, sen ilkinji söýenim hem-de şol sözler bilen meni sähel salym hem bolsa ejizleden gyzdyň ahyryn. Güýz şemalynyň bir o tarapa, bir-de bu tarapa gaýdyryp ýören ýapraklary dek meň kalbymyň aýnasyny kakan, içine aralaşan eý, meň ilkinji söýgim! Sen hem edil güýz ýapraklarynyň şemalyň tygyna öz şahalaryny terk edişi deý kalbymda sähel salym sägindiň-de, nirädir bir ýerlere gaýyp bolduň. Emma şojagaz salymyň içinde maňa söýginiň nämedigini bildiren, eý, meniň ilkinji söýgim! Belki-de men şol pursat seniň söýgidigiňe ynanasym gelen däldir, belki-de men özümi senden ejiz saýandyryn, belki-de dostlugy senden has ileri tutandyryn. Men bilmedim... Ýöne bir zady welin anyk bilýän, sen hat-da häzir hem meniň kalbymyň çuňlugynda ölügsije köräp dursuň. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Bu gursagy paralaplar gitseň-de. Neçün ýene bagyşlanýaň ýürekde, Özge yşklaň gapysyny itseň-de. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Gör, näçe gezekler etsem-de ähti, Ah,nämüçin düýşlem sensiz gelenok, Sensiz açylanok täleýiň şähdi. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Gör, kineler ýol salsa-da ömürden. Gursagymda umyt bolup ýaşap ýör, Sen ýylgyryp çykjak ýaly öňümden. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Tutuş dünýäm gözleriňde doňan deý. Bu ýüregiň urgusyna dönüpler, Senli dünýä bar barlygym siňen deý. Neçün seni hiç unudyp bilemok, Bilsem-de ýaňadan dolanmajagyň. Hem nämüçin şindem ynanyp ýörün, Meňkidigne seň sähra deý gujagyň. Bu gögeren emma ösüp boý almadyk söýgide haýsymyzyň günäkärdigimizi bilmedim...

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir