Şu günki türkmen, sen tä okamagyňy bes edýänçäň bilimlisiň, bilimli bolmak islegiň ýitensoň, nadana öwrülersiň. Türkmeniň her bir raýaty ylymly-bilimli bolmalydyr, ol onuň ruhy dünýäsiniň, gürsüldäp duran ýüreginiň, teşne ruhunyň, duýgur kalbynyň, şahyrana göwnüniň belent bolmagynyň baş çeşmeleriniň biridir. Okamak, öwrenmek - durmuş hakda has düýpli oýlanmakdyr. Okaýan wagtyň adamda täze-täze pikirler, hyjuwlar oýanýar. Okamak, öwrenmek - Beýik Allatagalanyň alkyşydyr. Men bilimli, sowatly adamlara aýratyn sarpa goýýaryn. Öwrenmän, diňe öwretmek-puly gazanman, diňe sowmak bilen deň zatdyr. Öwrenmegiň iň oňat usuly okamakdyr. Okamagyň iň oňat usuly pikirlenip okamakdyr. Pikir ýok ýerinde bilim hem ýokdur.

Köneler, bozkurt288 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir