Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň “Barselona” bilen “PSŽ” toparynyň arasyndaky jogap oýny parižlileriň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy (umumy 6:4). Netijede, Kataloniýa topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmän, ýaryşy terk etdi. Parižliler bilen duşuşygyň netijesi “Barselona” Klublaýyn dünýä çempionatyna saýlanmaga mümkinçilik bermedi. Hawiniň topary reýting utugy boýunça Madridiň “Atletikosyndan” öňe geçip bilmedi. Munuň üçin ol indiki tapgyra çykmalydy. Ýatlap geçsek, 2025-nji ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryşda eýýäm anyk Madridiň “Realy” we “Atletikosy”, APL-den “Mançester Siti” we “Çelsi”, Germaniýadan “Bawariýa” we Dortmundyň “Borussiýasy”, “Inter” we “Ýuwentus” italýan toparlary, Fransiýanyň “PSŽ” kluby, şeýle-de Portugaliýanyň “Benfika” we “Portu” klublary çykyş eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir