Apple 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda ýa-da aprel aýynda täze iPad Pro we iPad Air modellerini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada MacRumors meşhur insaýder we «Bloomberg-iň» habarçysy Mark Gurmanyň täze «Power On» atly habarlar býulletenine salgylanyp habar berýär. Gurmanyň bellemegine görä, Apple eýýäm täze iPad üçin iPadOS 17.4-iň ýörite wersiýasyny işläp düzýär. Bu täze enjamlaryň ýakyn wagtda çykjakdygyny görkezýär. Insaýder iPad Pro we iPad Air bilen bir hatarda, Apple-iň Magic Keyboard we üçünji nesil Apple Pencil stilusy ýaly planşetler üçin täze esbaplary hödürlejekdigini aýtdy. Täze iPad Pro modelleriniň esasy aýratynlygy OLED ekranlarynyň bolmagydyr. Apple bu görnüşli matrisany planşetlerinde ilkinji gezek ulanýar. Şeýle hem žurnalistler iPad Pro-nyň iň soňky M3 seriýaly çiplere geçmegine garaşýarlar. iPad Air-iň esasy täzelenmesi 12,9 dýuýmlyk modeliň girizilmegi bolar. Şeýle hem bu modelleriň çykmagy bilen, Apple ilkinji gezek iPad-a frontal kamera girizer, ol enjamda albom tertibinde işlär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir