Hindistan ýurtda emeli aňy ösdürmegi maksat edinýän IndiaAI hökümet başlangyjyny işe girizýär. Bu maksat üçin, takmynan, 1,24 milliard dollar bölünip berler. Hökümet AI pudagynda innowasiýalary çaltlaşdyrmak üçin toplumlaýyn ekoulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Bu başlangyjyň çäklerinde azyndan 10 000 GPU-ly superkompýuter, şeýle hem IndiaAI innowasiýa merkezi dörediler. Mundan başga-da, emeli aň programmalaryny ösdürmek üçin maksatnama işe giriziler. Döwlet bu ugurdaky başlangyçlary maliýeleşdirer we AI ugry boýunça bilim pudagyny güýçlendirer. Hökümet IndiaAI-niň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde Hindistana emeli aň pudagynda gazanylanlary ulanmaga mümkinçilik berjekdigine bil baglaýar. Türkmenistanyň hem emeli we beýleki ösen tehnologiýalar pudagynda öz ösüş merkeziniň boljakdygyny ýatladýarys. 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli maksatlar üçin “Oguz han” ylmy-tehniki merkezini döretmek baradaky karara gol çekdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir