Ženewa awtosalonynda Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň netijesi jemlendi. 2024-nji ýylda ýeňiji Renault Scenic E-Tech krossoweri boldy. Bu barada Car of the Year bäsleşiginiň guramaçylyk komitetiniň resmi saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Renault Scenic E-Tech emin agzalarynyň ses bermeginde 329 bal gazandy, 58 emin agzasyndan 22-si ony finala çykan ýedi awtomobiliň arasynda iň gowusy diýip saýlady. Ikinji orny 309 bal bilen täze nesliň BMW 5 Series awtomobili eýeledi. Bu awtomobile 19 emin agzasy iň ýokary bal berdi. Üçünji orunda täze Peugeot 3008 ýerleşdi (197 bal). “Car of the Year 2024” bäsleşiginiň finalyna Kia EV9, Volvo EX30, BYD Seal we Toyota C-HR hem çykdy. Ýedi finalçy awtomobiliň dördüsi doly derejeli elektrikdir. Bäsleşigiň eminler toparyna 22 ýurtdan 58 awtomobil žurnalisti we hünärmeni girdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir