Türkmenistanyň internet ulgamyna birigenine 15 ýyl töweregi wagt geçen-de bolsa, ýurtda elektron neşirlerini döretmek babatda juda yza galynýandygyna göz ýetirmek bolýar. 1996-njy ýylda Türkmenistan ilkinji gezek internet ulgamyna birikdirildi. Şundan soň, ýurduň çäginde birnäçe hususy internet prowaýderleri döräp, hususy internet kafeleri ýüze çykyp ugrapdy. Emma 2000-nji ýylda ýurduň çägindäki ähli internet hyzmatlary «Türkmentelekom» döwlet kärhanasynyň garamagyna berlensoň, internete erkin aralaşmaga çäklendirmeler girizilip başlandy. 2002-nji ýylyň noýabrynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň garşysyna “terrorçylykly hereket” amala aşyrylansoň, Türkmenistanda interneti ulanmak babatda ýowuz çäreler girizildi. Raýatlaryň öýlerine internet çekmeklik düýbünden ýatyryldy. 2002-nji ýyla çenli kim öýüne internet çekip ýetişen bolsa, olar iň bir şowly adamlar bolup galdylar. 2002-nji ýyldan soň internet ulgamyna birikmek diňe edara-kärhanalara rugsat edildi. Özi hem edara-kärhanalarda işgärleriň interneti ulanyşy gözegçilik astynda saklanylýardy.

Köneler, arkadagly tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir