Toyota hem beýleki köp sanly awtoulag öndürijiler ýaly, uglerodyň bitaraplygyna ygrarly. Beýle diýmek, ekologiýa zyýansyz awtoulag öndürmekden başga-da, olaryň uglerod zyňyndysyz bolmagyny gazanmak üçin dünýädäki zawodlary gaýtadan enjamlaşdyrmagy aňladýar. Ýene bir eko başlangyç hökmünde zawodlar enjamlardan önýän ýylylygy we CO₂-ni ulanyp, öz miwe we gök önümleri ýetişdirýän ýyladyşhanalaryny enjamlaşdyryp başladylar.

Geçen ýyl Toyota fermerleriň kömegi bilen Ýaponiýanyň Kamigo şäherindäki hereketlendirijileri öndürýän zawodynda ýertudana ýetişdirilýän tejribe-synag ýyladyşhanasyny gurdy. Biraz soň Miýosi ekin meýdanynda ýene bir ýer — çerri pomidorlary ýetişdirilýän ýyladyşhana peýda boldy.

Azajyk möçberde ulanylmaýan meýdany bolan ýyladyşhanalaryň ýörite gurluşy, şol bir ölçegdäki meýdana garanyňda, hasyly bir ýarym esse köp berýär. Mundan başga-da, Toyota fotosintez üçin zerur däl ýaşyl reňki asla bolmadyk, özboluşly gülgüne ýalpyldawuk yşyklandyryjylary ulanýar.

Ýogsa-da, ýapon fermerleri entek alada galyp oturmasalaram bolar: Toyotanyň miwelerini bazara çykarmak niýeti ýok we hasylyny öz naharhanalarynda mugt paýlaýar. Mundan başga-da, awtoulag ägirdi tejribesi bilen oba hojalygynyň has netijeli bolmagyna ýardam bermek isleýär.

Tehnologiýa, Gyzykly tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir