30-njy awgustdan 31-nji awgusta geçilýän gije Ýeriň ýaşaýjylary seýrek astronomiki hadysany – Dolan Aýy synlap bilerler.

Report agentliginiň Bakuwyň döwlet uniwersitetiniň (BSU) Fizika fakultetiniň Astrofizika kafedrasyna salgylanyp habar bermegine görä, şol wagt Aý Ýere has ýakynlaşar.

Aý dolmasy Aýyň Ýeriň daşyndan ellips görnüşinde aýlanmagy sebäpli ýüze çykýar. Belli bir pursatda Aý Ýere iň ýakyn nokatda ýerleşýär, oňa perigeý diýilýär. Şol pille Aý, adaty wagtdaka garanyňda, 14% uly we 30% ýagty görünýär.

30-njy awgustda aşgabat wagty bilen sagat 20:52-de Aý Ýere iň ýakyn nokatda bolar we 31-nji awgustda sagat 06:37-de bolsa doly Aýyň fazasyna girer.

Bu wakalaryň arasy 9 sagat 45 minut bolar. Perigeýde Aýa çenli aralyk 357,181 km-dir. Şonuň üçin 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda boljak Aý dolmasyny ýylyň iň uly Dolan Aýy diýip atlandyryp bolar.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir