Günämizi bagyşlaýar eneler. Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy... Ene balasyna buýurdy ýumuş, Ol diýdi: “Özüň et oň ýaly işi!” Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. “Öýe wagtynda gel, giç gelme balam..” Ogly bolsa enä çenedi daşy. “Wah, nätsemkäm?” Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. “Indi ata bolduň, adam bol, oglum!” Gysyldy gysyldy enäniň dişi. Ene dişin gysdy otuz iki gezek, Her gezek gysanda gaçdy bir dişi. Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy...

Köneler, mirasymyz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir