Apple korporasiýasy WWDC 2022-de tanyşdyrylyşyň çäklerinde M2 ARM-prosessorly MacBook Air-niň täze neslini hödürledi. Çäräniň alnyp görkezilişi YouTube-da elýeterdir.
Noutbuk MacBook Pro stilinde, gönigyraň we ekranynyň öň kamerasynyň aşagy kese kesikli täze dizaýna eýe boldy. MacBook Pro ýagtylygy 500 nit-e çenli bolan 13,6 dýumlyk displeýe we iki USB-C portly MagSafe-iň zarýadniginiň portuna eýe boldy. Ol öňki neslinden 20% çalt, Intel prosessorlaryndaky nesli bilen deňeşdirilende öndürijiligi bäş esse artdy. Noutbuk bir gezek zarýad alsa 18 sagat işläp bilýär.
Noutbugyň toplumynda aksessuarlary birikdirmek üçin goşmaça USB-C-li täze energiýa çeşmesi goşulýar.

Tehnologiýa, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir