10-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde milli sportumyz hil taýdan täze derejelere çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sport ýurdy, sebit we halkara derejeli uly ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary üstünlikleriň sporty bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi täzeden badalga aldy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edildi.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler, olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi.

Sport, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir