Howlymyň içine bir bölek ýere Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary. Birisi gyrmyzy, birisi gara, Birisi mämişi, birisi gara. Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman, Geleni bäri hem gözleri gülde. Şol seredip otyr gözlerin gyrpman, Göýäki diýersiň, bir suwsyz çölde Bütin ömürboýy zar bolup güle, Doldurýan ýalydy şonuň öwezin. Myhman seredýärdi “Gijegözele”, Myhmana seredýär “Gijegözelim”. Owadan gözlerin ertirden bäri Aýryp bilmän otyr owadan pelden. Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly – Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden, Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly, Bakýardy güllere gezek – gezegne. Bakýardy “Nerkese”, gyzyl “Piona”, Bakýar “Giorgina”, “Gijegözelne”. Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan Hem myhmana bakýan. Güller hakynda Bir ajaýyp pikir aýdar ol hökman. Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn, Sözledi gül hakda ajap bir beýdi – “Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek... Pomidor ekäýseň bolmaýamy!...” diýdi. Kerim aga.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir