-Menem möjege topuldym, onsaň pyçagym bilen onuň guýrugyny kesdim – diýip bir awçy öwünýämiş. Doslary bolsa: -Näme üçin kellesini kesmediň? -Bilýäňizmi näme, o möjegiň kellesini menden öň biri kesipdir eken! -Samsyk diýip kime diýýäler? -Bir adama bir zatlar düşündirýäň, düşündirýäň, olam hiç zada düşünenok. Ine şeýle adamlara samsyk diýilýär. Düşündiňmi? -Ýok! Bir pianist özüniň haker dostunyň ýanynda täze alan pianinosyny öwmäge başlaýar. Haker bolsa onuň pianinosyny gowja synlap: -Klawiaturaňa biderek welin, ine SHIFT-i aýagyň bilen basmagyň welin daş! ==Näme üçin jüjeler köçeden geçdiler?== Bill Klinton: Jüýje bilen işim ýok! Wladimir Putin: Sebäbi olar Orsýedi dargatmak isleýän halkara terroristler. Biz olary duran ýerinde ýok ederis. Žirinowskiý: Iň gowy jüýje – öli jüýjedir. Çehow: Jüýjeleriň hemme ýeri gözel bolmalydyr. Esasanam ganatlary we aýajyklary. Hruşýow: Biz olara entek görkezeris, serhetden nähili geçmelidigini! Brežnew: Şu gün jüýjeler dünkisinden gowy ýaşaýar, ertir bolsa bu günkidenem gowy ýaşarlar! Stalin: Sebäbi olar iňlis içalylary. Andropow: Näme üçin iş wagty jüýjeler köçede gezip ýörler? Muhammet Ali: Men iň ýaş, iň çalt, iň güýçli boksçy! Meni hiç bir jüýje ýeňip bilmez. Gorkiý: Süýrenmek üçin doglanlar uçup bilmezler. Pikasso: Bular meniň parahatçylyk kepderilerim. Indus: Olar öňki ömründe köçäň aňry ýüzünde ýaşapdyrlar. Musulman: Maňlaýyna ýazylanydyr. Zýuganow: Ähli ýurtlaryň jüýjeleri birleşiň! Peýjer kompamiýasyna jaň gelýär: -Alýo-o-o! Peýjer üçin habar kabul ediň. 2-3 günden bir gezek. „Batareýiň gutardy, çalyşmak gerek“. 5-6 gezek ibereňizsoň şeýle habar iberiň: „Näme dost, batereý satyn alyp ýadamadyňmy? Men oýun etdim! Seniň peýjeriň“ “Nowyý russkiň“ ogly mekdebe barýar. Bir elinde portfeli, beýlekisinde – bahasy gymmat bolan bir top gowy kagyz. Öňünden başga bir „nowyý russkiň“ oglynyň biri „Jjip“-li çykýar. -Näme, kompýuter klasynda kagyz gutardymy? -Ýoklaý, makulatura ýygnaýas. Sen näme how, okuwa „Jipli“ barýaň? -Aý, ýöne-laý, biz bu gün metallolom ýygnaýas-laý! Bir narkoman agşam ýatmanka elmydam gapdalynda iki sany stakan goýup ýatýamyş. Stakanlaryň biri suwly, beýlekisi suwsyz. Suwly stakan oňa gije suwsap turanda gerekmiş. Suwsyz stakan bolsa suwsaman oýansa gerekmiş. Hytaýda serçelere garşy uruş uglan edildi. Indi kim bir öldürilen serçe getirse 1 ýuan tölenýär. Şeýle bolansoň her kim Hytaýda aýak aldygyna serçe ýetişdirmäge başlady. Keýpini sazlan narkoman daşaryk çykyp iki ädim ätmänkä ullakan bir pil bilen çakyşýar we ýere ýazylýär. Näme bolanyna doly düşünmedik nakroman ýerinden turup ýene –de ädim ätmekçi bolanda ony ullakan bir guş kakýar. Narkoman ýene-de ýere ýazylýar. Guş uçup gidensoň narkoman ýuwaşlyk bilen ýerinden turýar. Ine-de ony üçinji gezek pingwin kakýar. Pingwin bolsa eýýäm gaçyp gitdi. Nakroman näme bolýanyna hiç düşünenok. Birdenem bir daýza onuň elinden tutup ýerden galdyrýar we „Aý, oglum! Aýrylsana şu KARUSELiň aşagyndan!“ diýýär. At ýaryşlarynyň jänköýeri bir gün düýşünde 6-lyk nomer barada gowy düýş görýär. Ine, onsaň ol 6-njy aýyň 6-njy güni ir bilen 6-da ýerinden turup, 6-lanjy awtobusa münüp, aýlawa gelýär. Her biri 6 müň manatdan bolan 6 sany bilet alyp, 6-njy nomerli ata pul goýýar. 6-njy setride, 6-njy orunda ornaşyp ýaryşyň netijesine garaşýar. Ol ýalňyşmady! At 6-njy bolup geldi...

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir