1. agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy. 2. asty - garçhyn, üsti - garçyn, arasynda - gök - gögerçin. 3. agzy bar-da, dişi ýok, ony urmadyk kişi ýok. 4. agzy bir, dili iki, jany ýok, geplän sözüniň sany ýok. 5. asty - tagta, üsti - tagta, ortarasy - mele pagta. 6. agzy gara alamat, düýbi gyzyl kyýamat. hassa girer girer, sag çykar, sag çykana salamat, bu nähili keramat?! 7. aý ýalaky egrije, duran ýeri dogruja. 8. gaýradan gelýän alaja, ýüzi-gözi meleje, gök demirden dillije, uly ile bellije. 9. agam agzyny açar, hemme adam ondan gaçar. 10. alabeder, bessejik, elinde gül dessejik, ot olar, suw suwlamaz, janyňa bir gussajyk. 11. abdyl agam arrykdyr, agzy-burny mürrükdir, hemme zada gerekdir. 12. bazara bardym, badam aldym on hum gyzyly, öýüme saldym

Köneler, Ibragimov tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir