Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrdan myhmanlar! Täze 2011 ýylyňyz gutly bolsun! ýyl boýun şatlykly ýüzüňiz solmasyn, eden arzuwlaryňyz tizden-tiz amala aşsyn! :). Köp wagtdan bäri blog açmandym, täze ýylyň gelmegi bilen täze güýç bilen ýene tehnologiýa hakda blog açmagy makul bildim. iPad Gysga wagtda tablet kysymly kompýu­terleriň simwolyna öwrülen iPad köple­riň ünsüni özüne çekýär. Bilermenler bol­sa iPad-iň şeýle meşhur bolmagynyň üç sebäbiniň bardygyny nygtaýarlar: olar Apple şereketiniň mahabatdaky başarnyklygy, şereketiň brend bolmagy hem-de enjamda ulanylan täze tehnolo­giýalardyr. 2010-njy ýylyň ahyryna çen­li dünýäde iPad-leriň 7 millionynyň satylmagyna garaşylýan bolsa, 2011-nji ýyl üçin çaklama 14 milliondyr. Men hem iPad bilen gyzyklanýan, ýöne ol barada känbir maglumata eýe bolma­dyk okyjylarymyz üçin enjam barada käbir maglumatlary toplap size ýetirmegi makul bildim. iPad-i näme üçin ulanyp bolar? iPad akylly telefonlar (smartfonlar) hem-de notbuklaryň arasyndaky orna eýe bolan enjamdyr. Onuň ölçegleri standart A4 kagyzynyň öl­çeglerine barabar. Duýgur ekrany bar. Öň iPhone smartfonlaryny ula­nyp görenler iPad-i görenlerinde dessine onuň iPhone-niň ulaldylan görnüşidigini aňýarlar. iPad arkaly kitap ýa-da gazet okamak, e-poç­talaryňyzy barlamak, Internetde syýahat etmek, wideo görmek, oýun oýnamak, aýdym-saz diňlemek, ses ýazdyrmak hem-de 200 müňden gowrak programmany işletmek bolýar. Gysgaça aýtsak iPad arkaly adaty kompýuterde edilýän islendik işi etmek bolýar. iPad-iň näçe görnüşi bar? Häzirlikçe bu enjamyň Wi-Fi hem-de 3G diýen iki görnüşi bar. Atla­ryndan hem belli bolşy ýaly, Wi-Fi görnüşli iPadi simsiz networkyň bar ýerinde, 3G görnüşli iPad-i bolsa 3G Internet hyzmatynyň bar bolan ýerinde ulanmak bolýar. 3G kysymly enjamda GPS tehnologiýa­sy hem bar. Üstesine-de iPad 16, 32 hem-de 64 GB bolan üç görnüşli ýat bilen satylýar. Ulanyjylaryň köpüsi üçin 16 ýa-da 32 GB doly ýeter­lik bolýar. Ýöne foto, wideo ýa-da dokument arhiwleriňiziň uly bölegini bu enjamda saklamak niýetiňiz bolsa iň gowy çözgüt iPad-iň 64 GB-lik görnüşi almakdyr. iPad-de haýsy programmalar bar? Apple şereketiniň iPhone hem-de iPad enjamlaryna niýetlenen programmalary ýaýratmak üçin açan AppStore aýtyndan 200 müň­den gowrak programma tapmak bolýar. Bu programmalaryň bir bölegi mugtuna berilýän bolsa, köpüsini 99 sent (1 dollarda 100 sent bar) ýa­ly ujypsyzja nyrha satyn almak bolýar. Saýtda gerek bolup biläýjek programmalaryň köpüsi bar hem-de her gün birnäçe täze programma peýda bolýar. Bu saýtdan peýdalanmak üçin bolsa iTunes abonentligi (mugtuna almak bolýar) hem-de kredit kartoçkasy (Türkmenistanda bu hyzmaty Daşary Ykdysady Bank berýär) gerek. iPad-de wideolaryň haýsy formatlaryny görmek bolýar? Aslynda adaty ýagdaýda iPad-de diňe MPEG-4 , mp4 hem-de mov formatly wideolara tomaşa etmek bolýar, ýöne islendik wideony agzalan bu üç formata öwürýän birnäçe mugt programma tapmak ýa-da DivX formatlary görkezýän birnäçe mugt programmanyň birinden peýdalanmak bolýar. Enjam barada aýdyp boljak bir oňaýsyz ýagdaý bolsa Flash tehnologiýasynyň bolmazlygydyr, ýagny Flash tehnologi­ýasy arkaly taýýarlanan wideoalardan, programmalardan hem-de web sahypalaryndan peýdalanyp bolmaýar. iPad-de Word, Excel hem-de PDF dokumentlerini ulanyp bolýarmy? Howa, iPad üçin niýetlenen birnäçe mugt programma arkaly Word, Excel hem-de PDF dokumentlerini okamak hat-da üýtgetmek hem bolýar. iPad-de USB porty ýok, faýllary enjama nädip geçirip bolar? iPad-iň iň köp taňkyt edilýän tarapy USB portunyň bolmazlygydyr. Ýöne aslynda bu ýagdaý sähelçe oňaýsyzlykdan ýokary däldir. Enja­ma faýl geçirmek isleseňiz iTunes programmasyny işledip iPadi komp­ýuteriňize çatýarsyňyz, soňra bu programma arkaly enjama islendik faý­ly geçirýärsiňiz. iPad-iň batareýasy näçe wagta ýetýär? Doly zarýad berlen iPad Wi-Fi-niň batareýasy 10 sagat işlemek üçin, iPad 3G-niň batareýasy bolsa 9 sagat işlemek üçin ýetýär. Eger-de edýän işiňiz kitap ýa-da dokument okamak bolsa iki enjamyň hem bata­reýasy 11-12 sagada ýetýär. iPad-iň agramy näçe? Enjamyň agramy bary-ýogy 700 gram töweregidir. iPad-iň güýçli taraplary. Daşamak hem-de ulanmak rahatlygy: iPad-iň agramy, eger-de, ony ýanyňyza alsaňyz, size artykmak ýük bolmajak derejede ujypsyzydyr. Adaty notbuklardan tapawutlylykda is­lendik wagty 1-2 sekuntda söndürilip-açylmagy bolsa ulanylanda uly ra­hatlyk döredýär. Ulanmagyň sadalygy: Görmek hem-de degmek (ellemek) islendik adamynyň rahatlyk bilen ýeri­ne ýetirýän işleridir. Şeýlelikde duýgur ekrana eýe bolan iPad-i her bir adam ulanyp biler. Uly ekran: iPad-iň ekranynyň diagonalynyň ululygy 9,7 dýuým (24,6 sm) durulygy bolsa 1024x768. Ýagny şeýle ekranda Internetde syýahat etmek, wi­deolara tomaşa etmek, fotosuratlary görmek hem-de kartalary gözden geçirmek örän oňaýly bolýar. AppStore iPad üçin niýetlenen ýörite programmalaryň sany günsaýyn artýar. Is­lendik her bir iş üçin programma tapdyrýar diýmek bolar. Iň oňaýly tara­py bolsa bu programmalaryň ählisiniň bir saýtda jemlenenligidir. Güýçli. Enjamyň 1 Ghz-lik prosessory onuň örän güýçli bolmagyna sebäp bol­ýar. Örän gowy tizlik bilen agyr programmalary hem işletmäge ýeterlik bolýar. Batareýasynyň güýji. iPad-de ulanylýan ýörite batareýa onuň 9-12 sagatlap işledilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa häzirki wagtda öndürilýän notbuklaryň hiç birinde bolmadyk aýratynlykdyr. iPad-iň ejiz taraplary. Flash tehnologiýasynyň bolmazlygy: iPad Flash tehnologiýasy bilen üpjün edilmändir. Bu tehnologiýa ar­kaly taýýarlanan Internet sahypalaryny görmek mümkin bolmaýar, mug­tuna paýlanýan millionlarça oýny oýnap bilmeýärsiňiz. Mysal üçin, Facebook-da Farmville oýnamak mümkin bolmaýar. Kamerasy ýok: Başgalar bilen şekilli gepleşmek ýa-da bir zady surata düşürmek mümkin bolmaýar. USB ýok: iPad-e USB kysymly ýatlary ýa-da USB arkaly işleýän başga enjam­lary dakmak bolmaýar. Hatda enjama faýl geçirmek üçin ýörite iTunes programmasyny ulanmaly bolýar. Ýat kartoçkalaryny okatmak üçin bol­sa ýörite enjam gerek bolýar. iTunes-e mätäçligi: iPad-i ulanmak üçin iTunes abonenti bolmak hökmanydyr. Abonent bolmagy üçin bolsa kredit kartoçkasy zerurdyr. iPad üçin hökmany 10 mugt programma. 1. USB Disk: iPad-de USB porty ýok. Ýöne USB Disk programmasy arkaly bu ýag­daýyň üstesinden gelmek bolýar. Programmany iPad-iňize alanyňyzdan soňra, ony sim arkaly kompýuteriňize çatyň. iTunes programmasyny açyp, Apps bölüminden USB Disk programmasyny saýlaň. Indi islen­dik faýly iPad-iňize geçirip bilersiňiz. Salgysy: http://itunes.app­le.com/us/app/usb-disk-for-ipad/id385275533?mt=8# 2. VLC media player: VLC media player bar bolan wideo formatlarynyň 99 göterimini görkez­mäge ukyply open source programma. Bu programma arkaly iPad-iňi­zi hakyky Media merkezine öwrüp bilersiňiz. Salgysy: http://itu­nes.apple.com/us/app/vlc-media-player/id390885556?mt=8 3. iRead PDF: e-poçtaňyza gelen PDF kysymly faýllary bu programma arkaly açmak bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/iread-pdf/id378450857?mt=8 4. AppShopper: AppShopper arkaly iň täze, meşhur, arzan ýa-da mugt programmalar­dan habardar bolup bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/appshopper/id387037496?mt=8 5. Wattpad: Wattpad e-kitaplary okamak üçin niýetlenen meşhur programmadyr. Programma arkaly köp kitaplary mugtuna okamak bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/100-000-free-books-wattpad/id306310789?mt=8 6. Backgrounds HD: Backgrounds HD arkaly10 müňden gowrak ýokary durulykly fon surat­laryny Internetden almak bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/backgrounds-hd/id363670292?mt=8 7. Documents 2 (Free Edition): Bu programmalar toplumyarkalysada Word, Excel faýllaryny emele getirmek bolýar, PDF faýllary hem-de birnäçe foto formatlary bilen iş­leşmek bolýar. Hatda bu toplumda Windows-daky Paint programma­syna meňzeýän çyzuw programmasy hem bar. Salgysy: http://itu­nes.apple.com/us/app/documents-2-free-spreadsheet/id314894105?mt=8# 8. SoundHound: SoundHound programmasy arkaly diňleýän aýdymyňyzy Internetden gözläp tapmak, islendik aýdymçynyň wideo kliplerini gözlemek hatda aý­dymlaryň sözlerini tapmak mümkin bolýar. Salgysy: http://itunes.app­le.com/us/app/soundhound/id355554941?mt=8 9. Evernote: Evernote programmasy arkaly hatly, sesli hatda şekilli bellikleri emele getirmek mümkin bolýar. Üstesine-de, emele getirilen belliklere, olaryň nirede emele getirilendigi baradaky maglumaty hem birikdirmek bolýar. Iň süýji tarapy bolsa bellikleriňizi Internete awtomatiki usulda geçir­mek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/evernote/id281796108?mt=8 10. iBooks: iBooks arkaly iPad-iňizi kitaphana öwürmek mümkin bolýar. Program­manyň iň meşhur aýratynlygy bolsa iBookstore saýtyndan arzan nyrh­dan müňlerçe kitabyň satyn alnyp bilinmegidir. Programmanyň ýene-de bir tapawutly tarapy PDF faýllaryny e-kitap formatyna öwürmäge ukyply bolmagydyr. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/ibooks/id364709193?mt=8 p.s iPad barada informasiýa şulardan ybarat. Sizem iPad barada öz bilýän infolaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz!. Sorag ýüze çyksa soraň, başardygymdan jogap berjek bolaryn.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir