Akyl, pikr et her haçan ... (Magtymguly)
Ynsan bu dünýä gelip ulalyp akyl-huşa gelenden soňra bu dünýä hakynda ,dünýädäki dowam edýän durmuş hakynda pikirlenmelidir. Adam nädip bu dünýä geldi, adamlaryň bu dünýädäki ýaşaýan ömri deňmi, bar adamlar garrap ýa-da keselläp ölýärmi ? diýen ýaly soraglar barada pikirlenmelidir. Bu dünýä bizi ata-enemiz getirenok, eger şeýle bolsady onda näme üçin birnäçe adamlar näçe isleselerde çaga edinip bilenok, biziň ata-enemiz ýöne biziň bu dünýä gelmegimize sebäp bolýarlar. Çaga ene garnynda wagty oňa kim seredýär, enäň känbir habaram ýok çagaň nädip ol ýerde kemala gelýäninden.
Hawa, bizi hatda ýönekeý göz bilen görüp bolmaýan örän kiçijek tohumdan Allatagala ene garnynda ýetişdirip adam keşbinde bu dünýä getirýär, soňra oňa ýaşamak üçin şertler döredýär. Adam bolsa kemala gelip öz ýaradyjysyny unudýar, bar zady özüm etdim, men güýçli ,men hiç kime borçly däl diýen ýaly pikirler edip tekepbirlenýär. Ýöne, ömür geçip dur, Allatagalaň saňa-maňa näçe ömür bereni hem näbelli. Gör näçe ýaş oglanlar sagat we daýaw wagtlary bir zat sebäp bolup bu ýalançy dünýäden bakyýete gitdiler. Allatagalaň kämil dünýäsi bolsa şol dowam edip dur, näçe-näçe nesillerden bolsa diňe taryhy ýatlamalardan başga zat galman ýitip gidýärler.
Eger şeýle bolsa,ýagny bizi bu dünýä getirýän we isledigiçe ömür berip ýaşadýan Allatagala bar bolsa onuň biziň öňümizde goýan wezipesi ,bizden isleýän talaplary hem bardyr. Şonuň üçin her kim wagt ýitirmän özünden Allatagalaň isleýän zatlaryny bilmäge we bilip öwrenip amal etmäge gaýrat etmelidir. Sebäbi Allatagala bize iki ýol goýupdyr,ýaha Allatagalaň goýan düzgüni boýunça ýaşap Jennet gazanmak, ýa-da öz kellämize gelşi ýaly ýaşap Dowzah gazanmak 3-nji ýol ýok.
Aşakda Magtymgulydan bentler.

Akyl, pikr et her haçan,
Ýüz gonan bar, ýüz göçen,
Tagty asmandan uçan Süleýman öldi gitdi.
(Çaldy gitdi)
***
Ýigit men diýip, ýaz paslyňa guwanma,
Ýazyň alar, ýaz ornuna gyş goýar.
Ölüm bardyr, diriligňe daýanma,
Janyň alar, jesediňi boş goýar.
(Gyş goýar)
***
Ömre ygtybar ýok, jana durum ýok,
Ahyret esbabyn şaýlamaýynmy?
Bende men, barara gaýry ýerim ýok,
Istegim Özünden eýlemäýinmi?


Magtymguly, ne bar içmek, iýmekden,
Jan jesetden gider, et hem sümekden,
Göz görmekden galar, dil hem diýmekden,
Dilim teprenerkän, söýlemäýinmi?
(Şaýlanmaýynmy?)
***

Adam ogly, özüň bilmeý, Gedem-gedem ädejek sen.
Eýäniň emrini kylmaý,
Öz köňlüňi güýdejek sen.

Istär sen, älemi gapsaň,
Karun bolup genje depseň,
Halal, haram, her ne tapsaň,
Gözüň ýumup, ýuwdajak sen.

Neden olduň, bilgil bary,
Unutdyň Perwerdigäri,
Köňle gelen her ne käri
Sangy etmeý edejek sen.

Aslyň nedir, etgil nazar,
Tutan işiňden kyl hezer,
Ajal saňa etse güzer,
Habaryň ber, nädejek sen?

Dünýäni gyzgyn tutmagyl,
Işiň gör, bikär ýatmagyl,
Magtymguly, unutmagyl,
Gidejek sen, gidejek sen.
(Ädejek sen)

Sorag-jogap, Barbary tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir