Biziň obamyzda ýaşy ýaňy bir altmyşdan geceňkirläberen, tegelek ýüzli, saryýagyz, göwresi kicijik, hor, ejizje, ýöne, diýseň dogumly, galjaň, dikanlap seredende göm-gökje gözleri içiňden geçip barýan, gaty bir ösgün bolmadyk, selçeňräk, goňrumtyl-gyzyl sakgally, inçejik sesini kä batlandyryp, kä ýuwaşadyp, ellerini hereketlendirip, kellesi has göçüberende ýa iki başam barmagyny ýa-da iki süýem barmagyny biri-biriniň gapdalyna süýkäp, (entek nokada ýetemzok) jalaý-jalaý sözler bilen diýseň joşgunly gürleýän şoh, degişgen, obadan deri ýygnap, onam etrap merkezimizdäki “puşnin” diýilýän edara tabşyryp günamasyny dolap, oturan-turan ýerinde sallahlykdan zeýrenip, başy boş zenanyň soragynda gezip ýören, bir ýerde şolar ýalynyň biri bar diýip eşitdigi gökje eşegini gaňňalap günübirin şol tarapa eňýän, baran ýerinde-de heleýleriň gözüne çöp atyp baý görünmek üçin “puşniniň” kassirinden haýyşt edip, tabşyran derilerine derek diňe eplenmedik elliliklerden alyp, onam hemişe penjeginiň daş tarapky döş jübüsine dikleýin sokup gezýän bir kişi bardy, adyna Aky şagal diýerdiler.
Ýöne, o bolardy, bu bolýardy, bendäniň bagty açylmaýardy. Käwagt dagy edil, bolaýjak-bolaýjak ýalam edýärdi-de, birden-kä bolman duruberýärdi. Oraza aýlary “agyz açarda”, hudaýýolularda, toýlarda we şoňa meňzeş beýleki üýşmeleňlerde nahar iýlip töwür edilenden soň heleýli ýaşulylar-a derrew “hyk-çok” edişip turmak bilen bolardylar, öý eýeleri: “Oturyň, çaý içip gidiň”, diýselerem: “Aý, çaýy öýe baryp arkaýynja içeris-laý, kempir bilen”, diýşerdiler. Aky aganyň welin öýüne aýagy çekmezdi. Sähelçe mürähet edildigi: “Ýassy namazyny şu ýerde bileje okaýalyň-la bolmasa”, diýip, özi ýaly sallahlara sala salan bolardy-da, hiç bolmanda ýatar wagtyna çenli gümür-ýamyr edişip, gijäniň köpüsini şol ýerde, geçirmek üçin bir çetde duran kündügiň boýnundan tutup garaňka duwlanardy. Gelibem namaz okardy-da, tä turýançalar hiç kime gezek bermän gürlärdi.
Ol kakam bilenem dostdy. Şonuň üçinem obada başga üýşmeleň ýok wagty köplenç kakamyň ýanyna gelip içini egiserdi. Kakamam:
– Zeýrenmesene, Aky, honha ogullaryň ba, gül ýaly gelinleriň ba, çaýyňa-naharyňa seredip ýörler, birenteginde-hä şolam ýok, senem näme nesibäňde bar bolsa-ha öýlenersiň, bolmasa-da, bolmadygy bor-da – diýip, göwünlik bererdi.
– Wah, Abraýguly! Öz heleýiň gapdalyňda bolansoň seň zatdan habaryň ýok. Meň derdimi bileňok. Ogluň, diýýäň, gelniň diýýäň giň ýeriň gürrüňini edýäň – diýip, Aky aga janygardy-da, iki dyzynyň üstüne galaga-da, süýem barmaklaryny biri-birine süýkäp, gözjagazlaryny çerreldip, oglanlarynyň üstünden düşerdi.
– Dikgi han bilen Merri hanyň-a mana, ine, hersi öz jaýynda şeýdişipjik heleýleri bilen çilşirilişipjik ýatyrlar. Kakam şu ýagdaýdadyr-ow, şuňa-da bir güýmenjejik gerekdir-ow, diýip, pikir edäýenoklar. Gelinlerem näme, Hudaýa şükür, ugryma seredenoklar diýip biljek-gä, ýöne, ine, irden turup täret suwuňy özüň ýylatmaly bolýaň welin, içiň ýangyjyna kündügiň sapyndan tutaga-da, ýeriň biline çalaýasyň gelýä...
Aky aga şolar ýalyda azajyk dymardy-da, gözlerini ýumup, serçäniňki ýaly kiçijik hyjuwdan doly kükregini gaýşardyp, başam barmaklaryny biri-birine süýkäp, onam kä çep dyzyna, kä sag dyzyna, kä ýere degrip, sesini kä pessaýladyp, kä gatyladyp, özüniň iň gowy görýän gürrüňlerine başlardy.
– Aý, onsoňam how, Abraýguly, käteler pil sap diýip, beýleki diýip, assabusly şähere gidilýä welin, pah-pah-pah, ýalpyldaşyp zülplerini sypalaşyp oturan maşgalalara gözüň düşýä-de, adam pahyr kemsiniläýýärem how! Şolar ýaly päkize gelinleriňem ärlerini görýäň welin, ýäryňça ýa bardyr, ýa ýokdur. Ýeri, onsoň öljekmi, ýitjekmi! Içiň ýangyjyna gapdallarynda oturan bolýaň, gözüň gytagy bilen sereden bolýaň, ýöne nätjek, peýdasy ýok-da!
Onuň şol sözlerini eşiden oba adamlarynyň garrysy – ýaşy öz aýallaryna: – Aky şagalyň şähere giden güni şähere gidäýmäň, gidäýseňizem şoň münen awtobusyna münäýmäň, münäýseňizem gapdalyňyzda oturdaýmaň, özi gelip oturaýsa dagam derrew turuň-da başga ýere geçiň, – diýip, sargardylar.
Elbetde, obamyzda Aky agadan başga-da ýaşy bir çene baran sallah adamlar kändi. Ýöne, olaryň hiç birem onuň ýaly heleý diýip oda–köze düşüp baranokdylar. Şonuň üçinem, Aky aga olara öz aladasyny edibilmeýän nalajedeýinler saýýardy. Gabat gelen ýerlerinde gyjalat berýärdi. Onuň şol igenjinden basyldymy ýa özüniňem ozaldan göwni bölek ekenimi, şolaryň içinden Girrik aga diýen biri ahyry oňa ýaran boldy oturyberdi. “Bissimillasynam” kolhozyň kassiriniň ýanyna gatnap, eline düşenje puly Aky aganyňky ýaly täp-täzeje elliliklere çalyşmakdan başlady. Hatda ýüzlük berseler-de almady. “Ýok, Akynyňky ýaly ak guýrukly elliliklerden ber”, diýip, ykyrgandy durdy. Ýöne, onda Aky aganyňky ýaly tilkilik, mekirlik, dilewarlyk ýa şohluk diýen zadyň düşnügem ýokdy. Haçan görseň aşak bakyp ýören utanjaň, her sözi agzyndan çekip almaly, süňkleri iri, daýaw, gyrçuw gara sakgally, hemişe gara çäkmen bilen buýralary seçelenip duran silkme gara telpek geýip gezýän, ýüzi aksowult, ullakan ala gözli, sada adamdy. Käte bir gürläýende-de çaga ýaly bir töwra gürrüňlerem aýdar goýberibererdi. Özem sowatsyzdy. Bir gezek saý-sebäp bilen öýlerine bardym welin, görsem ol daş işikde arkasyny tama ýaplap, gazete sereden bolup otyr. Maňa gözi düşendenem gazeti bir gyra oklady-da, güňleç ses bilen: – Şü, gazet diýlen zatlaryny-ha Nurgeldi jan, okabilmedikden gowusy ýok öýdýän, - diýdi.
–Suratlaryny göreniňde iniň üýşenýä. Agyn, arkan ýatan samolýotmy, düňderilip ýatan otlumy, başaşak duran aýalmy... görer ýaly däl. Hatyny okasaň dagy nähilikä muň içindäki zatlar...
Görüp otursam o görgüli gazeti tersine tutup oturan ekeni. Ana, şolar ýaly ömrüni müjerret geçirende-de aýal gözläp ýola çykmajak ýuwaş adamam özüne ýoldaş edinmegi başaransoň Aky aganyň “şagal” adyny güne ýatyp gazanmandygyny özüňiz biliberiň. Ýöne, öz ýagdaýyna ýetik bolansoň Girrik aga nirä gitselerem ýüzüni ýerden asyp Aky aganyň yzyndan ýöreýärdi. “Mal eýesine çekmese şumluk”, diýişleri ýaly, goňşy obalara heleý gözlemäne gidenlerinde hatda Girrik aganyň çalarak ýempeýän çal eşegem ýüzüni sallap Aky aganyň gökje eşeginiň yzyndan ýöreýärdi. Şähere gidenlerinde-de Girrik aga awtobusa Aky agadan soň münerdi. Eýýämhaçan üstünden atyryň ýakymly ysy kükäp duran haýsydyr bir görmegeý zenanyň gapdalyna çöküp:
– Paý - paý, paý – paý! Pah – pah –pah! – diýip, başyny iki baka ýaýkap, gözlerini daş – töweregine jalahladyp oturan Aky aga ýuwaşlyk bilen: – Girrik! Hyşagulak ýaly yraň atyp durma-da oturaý senem ho-ojagaz ýerde – diýip boş ýerleriň birine tarap elini uzadýança ýa-da: – Geläý senem Girrik şujagaz ýere – diýip, öz ýanyndan ýer görkezýänçä ortarada kellesini saňňyldadar durardy.
Aky aganyň aýdyşyna görä Girrik aga baran ýerlerinde-de tä, gaýdýançalar ogurlykda tutulan ýaly aşak bakyp, ýer dyrmalap oturýan ekeni. Bir gezek welin ol ömür etmeýänini edip gepläpdir-de, Aky aganyň ýaňybir düzelip barýan işini bulaşdyryp, maňlaýyna gara keçe çekip oturyberipdir. Ýogsam o-da o bendäniň öz dertdeşine kömek etjek bolup, onuň: “Şunça bile tirkeşdik, birek-birege şunça wagtlap heleý gözleşdik, emma “gyzza-gyzza” gelen wagty meň şanyma ýekeje-de söz aýtmadyň, öwmediň” diýen ýaly gyjalatly sözlerine galmajak bolup eden işi ekeni. Şonda ol “boldy – boldy” edişip, el galdyrmak üçin öý eýesiniň ýaňy bir çöküne düşen wagty oturan ýerinde oýkanjyrapdyr-da, pelteli çyranyň tüssesini ýuwdanyňky ýaly haçan görseň gyryljyrap duran sesini öňküsindenem beter garjaşdyryp: – Şuňa berlen, maşgalanyň ynjamajagyn-a men aýdaýyn. Sebäbi muň öz-ä bir gowy, aňyrsam tanalýan ýer. Ho-ol, ir döwürdäki Kowus karamam şuň daýy ugrundan bolmaly – diýip, otuzynjy ýyllarda tutuş etraba ot ýakdyrmadyk, Aky aganyň özündenem bäş beter şum, bu “şagal” lakamy bilen welaýata belli bolan bolsa ol “möjek” lakamy bilen bütin ýurda ýakasyny tanadan biriniň adyny agzaýypdyr. Öý eýesem ýaňy bir ýüzüne syljak bolup duran ellerini aşak goýberipdir-de, usullyk bilen: – Şoň ýegen ugrymy şü... – diýip Girrik aganyň ýüzüne çiňerilipdir. Girrik aga-da aşak bakyp oturşyna hil bir iş bitiren ýaly: – Howwa, howwa, şoň ýegen ugry şü. Asyl siňe seretseň meňzäbem durandyr – diýip, has ilerräk omzapdyr. Ýagdaý öňküsindenem oňlulyga tarap barýandyr öýden Aky aga-da, Kowus Karama düýbünden dahyly bolmasa-da: – Aý, howwa-la, gaty bir daşam däldir o bize... Eje tarapdan kowsag-a hasam golaýdyr, asyl dogan daýymyzdyr diýsegem bolýa - diýip, uçjak guş ýaly galkyjaklap, Kowus karam bilen has ýakyn garyndaşdygyny nygtamak üçin endigine görä, süýem barmaklarynam biri-birine süýkäp, onam kä o dyzyna, kä bu dyzyna degrip, sesine-de leňňer berip başlapdyr.
– Ýöne... Arman...Bendäniň nemesi nemeräk ekeni-dä... Otuzynjy ýyllarda... Nähak töhmet zerarly nemedip nemedäýipdirler-dä...
Öý eýesi birdenkä ýerinden syçrap galypdyr-da: – Wah, o balaňy kakaýynyň tohumy şomatlar tükendimikän diýip ýördüm welin asyl entegem iki-ýeke galany bar eken-ow, onda-munda – diýip, dulda asylgy duran aw tüpeňine tarap topulypdyr.
Ýürekleri ýarylara gelen “ýigitler” biri-birinden öň çykmak üçin bosaganyň agzynda uly basga düşüpdirler. Soň, giň ýerde Aky aganyň gürrüň bermegine görä, onuň öz-ä maýyny tapypdyr-da, edil suwulgan ýaly äpişgäniň bir gözünden suwlup çykyp gaçypdyr. Girrik aga bolsa gapydan çykjak bolanda aljyrap üç gezek dagy maňlaýyny söýä urupdyr. Çykansoňlaram eşeklerinden elli bizar, biri-birindenem bihabar, gijäniň garaňkysyna duwlanyşyp hersi bir tarapa tutdyrypdyrlar. Girrik aga-ha uly ýola çykyp, ötermen maşynlaryň birine münüpdir. Aky aga bolsa obanyň bir ýarym kilometr ilersinden akyp geçýän derýanyň kenaryna bir durman barypdyr-da, “Ýa Alla”, özüni şoňa urupdyr. Çynmy, ýalanmy, obadaşlarymyzyň aýdyşlaryna görä, akymyň tersine ýüzüp gaýdandygyna garamazdan şol gezek ol oba Girrik agadanam iki sagat dagy öň gelenmişin.
Olaryň eşekleriniň ertesi gün çäş wagtlary gaňňalaryny garynlaryna alşyp, içirgilerini sallaşyp, çekilerini ýerden süýreşip, sus hal-da obanyň çetinden girendiklerini-ha özümizem gözümiz bilen gördük. Girrik aganyň eşegi şonda-da mytdyldap Aky aganyň eşeginiň yzyndan geldi.
Şondan soň Aky aga heleý gözlegine Girrik aga bilen gitmesini goýdy. Ýöne, “komandasyndan” welin çykarmady. Onuň bilen gözleg meýdanyny mertlerçe bölüşdi. Olar esasanam bazar günleri ir bilen obanyň ortarasyndaky giň, takyr meýdançada duşuşýardylar, “atdan” düşüp salamlaşýardylar, kendir ýüpden edilen üzeňňillerini satanlaryna görä uzaldyp ýa gysgaldyp, çekilerini çekişip duruşlaryna esli mahal özara hümürdeşýärdiler, birdenem Aky aga göwresine gelşip duran ýeňillik bilen eşegine böküp münýärdi-de, henizem eşeginiň boýnundan ýapyşyp, gözleriniň gytagy bilen ýanap münere haýat ýa başga bir amatly zat gözläp duran Girrik aga tarap taýagyny çommaldyp: – Girrik! Sen eýläk, men beýläk! Kim, näme tapsa birek-birege habar bermeşek! Bagty deň synap görmüşek! Soň haýsymyzy göwnese oň öz işi! Bomy?! Düşündiňmi?! Özüňem agzyňdan artykmaç söz sypdyraýma ýene öňki ýaly! – diýerdi.
Soňam gez boýy, ýylmanak gyzylymtyl, ýylgyn taýagy bilen gökje eşeginiň boýnuna kakyp goňşy oba tarap öwürerdi-de, çiş tarapy bilenem bazyrdadyp gerşine basardy. Çus eşek agyra çydaman tutuş göwresi bilen erbet bir egreýerdi-de, guýrugyny galdyryp birki ýola “jyrt-jyrt” ederdi, taýak “pat-pat” edip salpy gulaklaryna degendenem gönelerdi-de, “pyrt-pyrt, zyrt-zyrt” edip, gumak ýol bilen ýorgalap başlardy. Girrik aga bolsa haýsy ýol bilen gitjegini bilmeýän ýaly boş meýdanda bir salym ýaýdanjyrap durardy-da, eşeginiň başyny haýallyk bilen Aky aganyň giden ugrynyň ters tarapyna bakan öwrerdi. Köne haýatlaryň birine ýanap kynlyk bilen üstüne münerdi. Ýagyrnysyny tüňňerdip, gözlerini eşeginiň iki gulagyna dikip, iki eli bilenem gaňňanyň öň gaşyndan ýapyşyp, sarsman oturşyndan onuň her ädimde yza dönesiniň gelýändigini, ýöne, bu kyn ýola diňe Aky aganyň şatysyna çydamaýandygy üçin barýandygyny aňmak bolýardy.
Bir günem ol nobatdaky sapardan dolanyp gelensoň Aky aganyň ýanyna barypdyr-da, çekine-çekine: – Gaýraky obada-ha biri baram ekeni, özem gowy maşgala ekeni, göwnemänem duranok-da, ýöne, arman äri puronta gidip gelmedik ekeni-dä – diýipdir.
Aky aganyň muňa şeýle bir gahary gelipdir welin, esli mahal näme diýjegini bilmän, Girrik aganyň ýüzüne çiňerilip, içini hümledip oturypdyr. Soňam gybyrdyklap baryp onuň alkymyna dykylypdyr-da: – Aý, Girrik! Ol-a pyronta gideniňki ekeni, sähelçe göwnüniň bardygyny bilseň bazara gideniňkem bolsa alyp gaýt – diýipdir. Muny men soň, kakama gürrüň berip otyrka Aky aganyň hut öz agzyndan eşitdim.
Bir günem öýde çaý içişip, özara “gümür-ýamyr” edişip otyrkalar garaçyny bilenmi ýa oýun edip aýtdymy, kakam oňa: – Aky, juda çynyň bolsa sen Aşgabada-da bir gidip gör, aýdyşlaryna görä şol ýerde boş maşgala köpmüşin, pylanam gitdi-de birini aldy geläýdi – diýdi.
O-da muňa güp ynandy-da, salymyny bermän Aşgabada tarap ýeldiräýdi, ellilik baryny öň jübüsine dikleýin sokup. Onuň beýdip, aýtman-diýmän özüni taşlap ýat illere, heleý gözlegne ýeke gidenini eşiden Girrik aga bolsa ondan öýkeledi. Şeýdibem “oýundan” çykdy. Gaýdyp gözlege goşulmady. Aky aga-da ony goşjak bolup gaty bir dyzap durmady.
Soň gelip özüniň kakama gürrüň bermegine görä, Aky aga Aşgabada barşy ýaly “jygyllyk” bazaryna gidipdir-de, zat satyp oturan aýallaryň bir çetinden girip ugrapdyr. Haýsynyň ýanyna barsa-da, çat maňlaýlarynda çökäge-de, öňlerindäki mata-marlyklaryny elleşdiren bolup oturşyna aşaklyk bilen ýüz-gözlerini synlapdyr, göwnüne ýakanjasynyňam golaýragyna süýşäge-de, sesinem burnunyň içine salyp, diýseň ýuwaşlyk bilen: – Keýgim, başyň boşmy – diýip sorapdyr. Jogabyny alyp-almanka-da: –Jaý uly, içem halydan doly, başga-da mal, mülk kän – diýip şol bir endik eden sözjagazlaryny gaýtalapdyr. Jübüsindäki ellilikleri ýeke-ýekeden şowurdadyp çykarypdyr.
–Puluň ýagdaýynam-a ine, özüň görýäň. Ýöne, bir kemim bar, o-da öýümiň içinde eýe ýok, özüň ýaly keýwany ýetenok...
Ol gürläp başlandan aýallaryň käbiri: “Toba, toba, daş edewersin...”, diýip ýakasyna tüýkürse käbiri: “Gözüni mara gelen pişigiň gözi ýaly edip bujagaz adam sagam dälmikeýin...”, diýşip, “jak-jak” gülüpdir. Girrik aga kysmy utanjaňraklary bolsa eşitmediksirän bolup bir aşak bakypdyrlar, bir ýüzlerini iki baka sypajakladypdyrlar, onda-da bolmasa hasyr-husur zatlaryny ýygnaşdyrypdyrlar-da ýerlerinden turmak bilen boluberipdirler. Ahyram olaryň biri Aky aganyň ýüzüne nebsiagryjylyk bilen seredipdir-de: “Çal! Meňňä başym boş däl welin, ýöne, bu gözleýşiň bilen sen hökman taparsyň”, diýipdir. “Şoň şojagaz sözlerine-de heleý tapança boldum”, diýip, Aky aga kakamyň gaşynda leňňer atyp, başam barmaklaryny biri-birine süýkäp oturşyna hezil edip gürrüň berdi.
Ol şondan soňam gözlegini dowam etdirdi. Ahyram goňşy obalaryň birinden “ýitigini” tapdy. Eşidişimize görä ol ir döwürden bäri ýeke oturan, hossarsyz garyp biçäre ekeni. Ýöne, Aky aga birbada onam edil beýlekileri aldaýşy ýaly aldapdyr. Pul görkezipdir, “Öýüm uly, zadym kän”, diýip, bal kölüne batyrypdyr. Getiribem dykypdyr çürrüjek gara öýüň içine. O bende-de syr bildirmän bäş gün ýaşapdyr, on gün ýaşapdyr, ahyram ýüregini bire baglap çekine-çekine
– Çal! Hany bi, yrylmaz döwletim bar diýdiň, kaşaň-kaşaň jaýlarym bar diýdiň, zadym içine syganok diýdiň, hanlyk satdyň, hany o diýen zatlaryň? Munyň-a bir içi büreden doly köneje oraça, – diýip ýalandan iňirdän bolupdyr.
Aky aga welin şonda-da özüni ýitirmändir
– Aý, keýwany! Olar bir ençeme wagt bäri aýal ysyny alman ýatan aç bürelerdir, kem-kemden öwrenişersiň, hemme zat narmally bor, – diýipdir.
O-da bir köpden bäri içi gysyp ýekelikden ýaňa halys bizar – peteňi çykan, höwre mätäç hudaýlykly bende bolansoň Aky aganyň sözlerine “myssa” ýylgyrypdyr.
– Aý, bolýa-da çal! Zady näme edeýin men. Janyň sag şü gapydan girip-çykyp, hossarlyk edip ýörseň, diliňem gepläp dursa maňa bolýa şol.
Şol aýaly tapyp alyşy barada Aky aga soň bir gün kakama şu zatlary gürrüň berdi.
– Salgysyny aldym-da bardym bärden – diýip, ol turuwbaşdan süýem barmaklaryny biri-birine süýkäp, kä o dyzyna, kä bu dyzyna, käte-de ýüzün düşüp keçäniň güllüräk ýerlerine degrip ugrady.
– Gapysyndan boýnumy uzatdym welin, görsem içerisini süpürip ýör. Derrew aňdym şodugyny. Öň duýdurlan bolansoň o-da aňan bolmaly meň kimdigimi, dik duran ýerinden sübsesini taşlady-da, birhili eginlerini ýygryp mygryljyraberdi. Menem iç işikde dyz epdimde: – Oturyň, siziň bilen gürrüň bar, – diýdim. “Onda çaý goýaýyn”, diýdi. Menem jübümdäki elliliklerden iki sanysyny sogurdym-da: – Çaý goýjak bolsaňyz öňürti şuny alyň-da dükandan odur-budur getiriň, ýöne, nabat alsaňyz şaha nabat alyň, ýüplüklisini halaýan däldirin, galan zat öz islegiňize görä, onsoňam rugsat berseňiz men töre geçeýin, ynjalykly oturaýyn, sebäbi gelen ýolum uzak, bedenim argyn, gürrüňem çaý başynda gaty ynjalykly oturyp etsek göwnejaý bor, - diýdim. Şeý diýenimden töre düşejik atdy, ýassyjak oklady, ýöne, puly almajak boldy. Menem: – Ýok, ýok alyň, almasaňyz öýkelärin, bolmanda-da men şu pullary nätjegimi bilemok, ynanmasaňyz ine, göräýiň, diýip galanja pullarymam jübümden sogurdym-da, derrewem yzyna dykdym.
Aky aga güldi.
– Şeýtseň aňyrsy paçkadyr öýtýärler aýal görgülüler. Ine, onsoň dükandan dolup-daşyp geldi. Menem gaty bir sypaýysyrajagam bolmadym-da, ýerimden tarsa turaga-da, gapynam “gürp-tarp” ýapdym. Gelibem goltugyndan ýapyşdym.
Aýal-gyz, eşidäýmesin diýen howatyr bilen Aky aga kakam ikimiziň üstümizaşyry boýnuny süýndirip daşky işige, içki jaýyň gapysyna göz aýlady.
– Aýal maşgalaň göwnüniň bardygyny ýokdugyny biljek bolsaň, Abraýguly, ur-tut golundan tutaýmalydyr. Sebäbi ten-tene galtaşdygy birek-birege duýgy geçýä, ýüreklerem sözleşýä-de, ähli aparadyň herekete geliberýä. Eger-de göwni ýok bolsa ýa mähri sowuk bolsa, onda seňňem süňňüň sarsmaýa, ýüregiň tisginmeýä... Şoň üçin menem pursaty goldan bermän golundan tutdym welin, görsem o bendä-de hoş ýakman duranok. Içimden: “Hä, şagal, ahyr berdi-ow saňa Hudaý, şo-ol, Aşgabat bazaryndaky aýalyň aýdany dogry bolup çykdy-ow, diýdim-de basdym bagryma. Biçäre: “Baý, aksakgal, bi nätdigiň boldy, entek günem-ä ýaşanok”, diýmäne zordan ýetişdi. Menem: “Aý, keýwany, bu zatlaryň gün bilenem, aý bilenem işi bolmaz, diýdim. Soňam eşegime mündürdim-de, aldym gaýdyberdim. Agşamaralar obaň çetinden girdim. Saraýyň deňinden geçiberemde öňümden Girrik çykdy. Sama işigaýdan salam ýok, helik ýok gyssanjyna ilk-ä: “Özüňe getirýäňmi muny, Aky” – diýdi.
– Ýok saňa getirýän, şunça ýyllap özüm üçin däl-de seň üçin ylganymy bileňokmy näme?.. – diýenimdenem gaharymyň gelenini aňdy. Ýöne, şonda-da gözüň aýdyň diýmäne derek: “Höwri köp bolsun” diýýä-dä, zannyýaman. Eşegiň üstünde oturan keýwanam agzyny tutup “kikir-kikir” güldi. Menem dagy näme diýjegimi bilmän, güldüm-de geçiberdim. Işigaýdan agşamam ýüzüni garaňka tutup öýe barypdyr-da: “Aky, kömelek tapsaňam höwri bolýa, şuňňam taýy bolmaly, gaýrat etde tap şony meň üçin, gadryňy bilerin”, diýip, iç işikde arkasyny tama ýaplap ykyrganyp otyr. Menem janym ýandy-da: Girrik! Şuň höwr-ä men! Meni alaýmasaň-a başga höwür ýok şunda, diýip gygyrdym welin: “Aý, howwa-da, bize gerek zadyň yzy gürrüňli bolaýýa-da”, diýen bolup tossaryldy-da, turdy ötägitdi. Ine, indi Hudaýa şükür, ýanymda gümürdim ba, haçan tursam täret suwum ýylapjak dur, eşiklerim ýuwulgy... .Garaz, heleý diýeniň bir elin ulag ýaly gowy zat-da bi, Abraýguly!...

...Aky aga şol alan aýaly bilen şondan soňam ýigrimi bäş ýyl ýaşaşdy. Özem segsen bäş ýaşlaryna ýetip, mundan on bäş ýyl ozal ýogaldy. Ölmezinden öň ýanlary oba gezmäne baranymda kakamyň dosty hökmünde men onuň bilen salamlaşmana bardym. Pahyr garrapdyr. Gözleri hanasynyň içine çöküşip, çal gaşlary gabaklarynyň üstüni örtüpdir. Bir pursat hereket etmän otursa ýüregi ýarylyp barýan adam indi eýwanyň basgançagyna-da zordan münüp düşýär. Ýöne, dili welin edil öňküsi ýaly. Dek duranok. Ol meni görüp bozuldy. Kakamy ýatlady. Sorap baranyma minnetdar boldy. Men şonda onuň kakamyň ýanynda köp gezekler gaýtalaýan bir sözüni ýatlatdym.
– Bir-ä öýlensem, birem ýetmişden geçip ýogalsam armanym ýok, haçan alsa alaýsyn, Alladan närza däl, diýýädiň welin, Aky akga, nähili razy bolduňmy indi Alladan? –diýdim.
Ol edil birwagtkylary ýaly gözlerini jowherlendirip ýüzüme jikgerildi-de, hasasyny eýwanyň betondan edilen dalagyna “düňküldedip” durşuna: – Bah, Nurgeldijan, bir üstüne baraňsoň gözüňe muň segsenem, togsanam hiç zat bolup görünýän ekeni, alkymyna baransoň ölüm diýlen zatlary daşdan haýbat atan ýaly däl ekeni, jan süýji, amanadam bolsa beräýesiň gelenok, dünýe owadan, gyzykly, gezegiň geçip barýanyny biläýeňde-de öz erkiňe gidäýesiň gelenok, – diýdi.
Howwa, şeýle täsin adam günlerde bir gün hakykatdanam aramyzdan gitdi. Ýöne, aýal gözläp çeken yhlasy welin ýerine düşdi. Çünki, aýaly bende soň-soňlaram onuň garaja öýüniň gapysyny saklap kän oturdy. Ojagynyň oduny öçürmedi. Her gezek oba baranymda men onuň bilenem salamlaşýardym. Ýagdaýlaryny soraşýardym. Şondan soň iki bolup Aky agany ýatlaýardyk. Şonda onuň kiçijik göwresi herekete gelýärdi.
– Howwa-da, gowy adamady-da bende, – diýip, hamala ol şol tarapdan zompuldapjyk geläýjek ýaly, kösseýişen gözlerini aşaklyk bilen obamyzyň iki kilometr çemesiräk günbatar tarapynda ýerleşýän öwülýäçiligiň hellewläp görünýän gür gara baglygyna tarap aýlaýardy.
– Olam-a garaşýandyr öz-ä... Ýoluma gözleýändir. Gidäýmelem welin, bu gün-bu gün, erte-erte bilen hi-iç, elim degenok-da...
Bir gün bütin oba bolup onam Aky aganyň yzyndan ugratdylar. Öz haýyş edip gidişine görä ýan ýoldaşynyň ýanyndajyk jaýladylar. Nesibedir-dä, saý-sebäp bilen oba baran gezegime gabat geldi-de, onuň guburyna bir pil gum oklamak maňa-da miýesser etdi. Bu meniň Aky aganyň öňündäki iň soňky borjumy berjaý edişim boldy.

Juma Hudaýguly.

Aky şagal / kökenli hekaýatlar - böleginden.

Edebiýat, Nol tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir