Zenanlar bilen gyzyklanyň.
Köp zenanlar özleri hakda gyzyklandyrmagy, üns berilmegi gowy görýärler. Gyzyklanma, zenanyň işe we durmuşa bolan garaýşyny üýtgedýän mehanizmdir. Erkek tarapyndan ideg edilmegi, zenanyň özüni ösdürýändigini we bagtlydygyny görkezýär.

Olara ynanyň.
Erkek bir zenana ynam duýgusyny bermek üçin, oňa şertsiz baglydygyny duýdurmalydyr. Beýleki zenanlaryñ hemmesine garamazdan, ol adam diňe siziňkidigine ynandyrmaly. Bu tapgyrdan soň, beýleki zenanlary görmeýändigiňizi, ömrüňiziň dowamynda olar hakda alada etmeýändigiñizi, olara degişli däldigini duýmalydyr. Erkekler! Eger bir zenana bu duýgyny berip, ony dowam etdirip bilseňiz, bu durmuşyňyzyň söýgüsini tapandygyňyzy aňladýar.

Erkin bolsun.
Şol şertler özüňiz üçin möhümdir. Nirä barýandygyňyzy habar beriň, ýöne hasap soramaň, hasap bermäň. Aýal-gyzlar özlerine eýe bolan erkeklere has köp üns berýärler. Özüňe bolan garaýşyňy duý, ýöne erkinlige üns ber, ýogsam beýle gatnaşyklar ýitip gidýär.

Owadan sözleri aýdyň.
Her kim gowy sözleri halaýar, esasanam zenanlar owadan sözleri eşidenlerinde gül ýaly gözelleşýärler. Sözleriňizi üns bilen saýlap aýtmak zenanlar üçin gaty gymmatlydyr. Öz-özüne bolan hormaty artar we siziň bilen gatnaşygyňyzyň berk bolmagyna täsir eder.

Zenanlary diňläň.
Zenan gündelik işleriniň aýdylmagyny we düşünilmegini isleýär. Şonuň üçin zenanlary diňläň we olara özüňiz, işiňiz, maşgalaňyz hakda gürrüň beriň. Bu size we öňüňizdäki zenana özüňizi has gowy duýmaga kömek eder.

Çeşme: www.pembe.com

Täzelikler, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir