Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda maşgala gatnaşyklarynda ýüze çykýan soraglara şeýle jogaplar berilýär.

Bilim alýanlaryň ata-eneleriniň hukuklary we borçlary haýsylar?

Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar: – çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara, şeýle hem umumy adamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini kemala getirmäge hukuklydyrlar we borçludyrlar. – çagalary hökmany umumy orta bilimi alýançalar bilim almagyň görnüşlerini, bilim edaralaryny saýlamaga, çaganyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, bilim edarasynyň işine gatnaşmaga hukuklydyrlar. – çagalarynyň hökmany umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge borçludyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilim edarasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar. («Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 42-nji maddasy).

Haýsy ýagdaýlarda nika RÝNÝ edarasy tarapyndan bozulýar we onuň möhleti?

Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň bozulmagy, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolmadyk we är-aýalyň bilelikde edinen emlägini bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedel bolmadyk mahalynda, är-aýalyň bilelikdäki arzasynyň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan arza berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 25-nji maddasynyň 1-nji bölegi).

Çagany terbiýelemek bilen bagly jedellere haýsy edara seredýär?

Çagany terbiýelemek bilen baglanyşykly jedellere kazyýet tertibinde garalýar. Çaganyň terbiýesi bilen baglanyşykly jedellere garalanda, çagany goramak boýunça hak isleginiň kim tarapyndan bildirilendigine garamazdan, hossarlyk we howandarlyk edarasy işe gatnaşmaga çekilmelidir. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 101-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bölegi).

Nikada durmaýan raýatlardan bolan çaga dogluş hakynda şahadatnamasyny resmileşdirmekde atasy baradaky maglumatlary görkezmegiň tertibi nähili?

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 71-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda: ,,Biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan çaga doglan halatynda we olaryň bilelikdäki arzasy ýa-da çaganyň kakasynyň arzasy bolmadyk mahalynda atalyk ata-enäniň biriniň ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň) arzasy boýunça ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň arzasy boýunça ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça kazyýet tertibinde anyklanylýar”. Şeýle-de agzalan kodeksiň 74-nji maddanyň 2-nji bendiniň: ,,Atalyk (enelik) barada jedel gozgamak, ýagny çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilen, çaganyň ata-enesi (olaryň biri) hakynda maglumatlar barada jedel gozgamak, kazyýet tertibinde geçirilýär” diýen talaplaryndan ugur alyp, bu meselede raýatlara kazyýete ýüz tutmaga bolan hukuklaryny düşündürmeli. Raýatlaryň atalygy anyklamak bilen bagly meselesine: Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 201-nji maddasynyň: ,,Türkmenistanda atalygy anyklamak we atalyk barada jedel gozgamak, çaganyň ata-eneleriniň raýatlygyna we olaryň ýaşaýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär. Haçan-da, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda RÝNÝ edaralarynda atalygyň anyklanylmagyna ýol berilýän halatlarda, çaganyň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ata-eneleriniň iň bolmanda biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa, atalygyň anyklanylmagy hakynda arza bilen Türkmenistanyň diplomatik wekillhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutmaga haklydyr” diýen talabyna esaslanyp, raýata bu mesele boýunça kazyýete ýa-da konsulluk edarasyna ýüz tutmaga bolan hukugynyň bardygyny düşündirmeli. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly arzalaryna we şikaýatlaryna: Türkmenistanyň Esasy kanunynyň 51-nji maddasynyň: ,,Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr” diýen talaplaryndan hem-de Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 6-njy we 7-nji maddasynyň ,,e” bendiniň:,,ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlary hasaba almak, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaýlaryny raýatlara bermek we olary çalyşmak kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek” bilen bagly talaplaryndan ugur alyp, raýatlara ilki häkimliklerde ýöredilýän ýaşaýyş jaýyny bölüp bermegiň nobatyna durmalydygyny, şeýle-de häzirki döwürde döwletiň jaýlaryndan başga-da paýly gurluşyk (ipoteka) boýunça hem ýaşaýyş jaý edinmäge bolan hukuklarynyň bardygy barada raýatlara düşündirmeli.

Sorag-jogap, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir