Awstraliýaly alymlar burna spreý pürkmek arkaly gany suýaldyp, bedeniň koronawirusa garşy göreşijiligini artdyrmagyň üstünde iş alyp barýarlar. Spreýiň düzüminde «Heparin» atly arzan derman serişdesi bar.

Örtük dakynmazdan öň

Alymlaryň pikirine görä, şeýle usul keselden goranmagyň ilkinji serişdeleriniň biri bolup biler. Ýöne burna spreý pürkmek arkaýynlaşdyrmaýar, hökman agyz-burun örtügini hem dakynmak gerek.

Olaryň aýtmagyna görä, keselden gorkýanlar örtük dakynmazdan öň burnuna spreý pürkseler, has ygtybarly bolarlar. Bu usul keseliň ýokuşmak töwekgelçiligini ep-esli azaldyp biler.

Burun spreýi bilen bagly gözlegler 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli dowam etse gerek. Eger synaglar üstünlikli tamamlansa, ol hem kesele garşy esasy göreş serişdeleriniň birine öwrülip biler.

Elýeterli hem peýdaly

Dogry, howply ýokanja garşy spreý ulanmak ylym üçin täzelik däl. Ýöne dünýäde ilkinji gezek munuň üçin arzan serişde ― «Heparin» ulanylar.

Adatça, gan goýlanda ulanylýan bu serişdäniň spreý görnüşi gana goşulman, burnuň içinde galýar. Şeýlelikde, burun arkaly girjek wirusyň gana geçmän, spreýden yza serpikmegi maksat edilýär.

Fewralda synaglara başlanar

Ýurduň Wiktoriýa sebitiniň ýolbaşçylary geljek ýylyň fewral aýynda 400 hojalykda şeýle spreýden peýdalanmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin 3 million dollar möçberinde serişde goýberildi. Aýdylşyna görä, maşgala agzalary her gün üç gezek burnuna spreý sepmeli bolarlar. Olar spreýiň goraýjylyk täsiriniň bardygyny ýa ýokdugyny synag ederler. Eger synag tapgyry üstünlikli tamamlansa, ony köpçülikleýin ulanmak meýilleşdirilýär.

Alymlar ynam bildirýär

Gözlegleri Melburn, Monaş uniwersitetleriniň, Melburndaky Noterden Hilts saglyk guramasynyň, Peter Doýerti institutynyň alymlary bilelikde alyp barýarlar. Bu taslama Oksford uniwersiteti hem gatnaşýar.

Alymlar düzüminde professor Mişel Makintoşyň aýdyşy ýaly, heparin arzan serişdedir. Ony islendik dermanhanadan tapmak mümkin. Üstesine-de, heparini sowuk ýerde saklamagyň geregi ýok.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir