Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasy Türkmenistanda täze gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirer. Bu barada milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we binalar toplumyny 2024-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanda köp sanly iri desgalaryň gurluşygyny amala aşyran türk kompaniýasy golaýda paýtagtymyz Aşgabatda kaşaň “Garagum” myhmanhanasyny gurup, ulanmaga tabşyrypdy.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir