2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onlaýn maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

1-nji ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem aýyň ilkinji on gününde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda Täze ýyl baýramçylyk çäreleri geçiriler.
7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.
Watan goragçylarynyň güni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre hem-de Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly konsert bilen belleniler.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir