Bir hökümdaryň gorkunç düýşinde ähli dişleri birin - birin ýykylan ýaly - gördi. Aljyraňly tolgunyp, düýşleri ýorup bilýanleri ýanyna çagyrdy. Ol düýş ýorýançy uly gaýgyly doly diňledi we oňa aýtdy:

- Hökümdarym, saňa gynançly habar aýtmaly bolýaryn. Ýakynlarňyzyň hemmesini siz ýeke - ýekeden ýitirersiňiz.

Bu sözler hokümdaryň gazabyny oýardy. Ol betbagt adamy tussaghana taşlamagy we başga bir düýş ýorýançy çagyrmagy buýrdy, we ol düýş ýorýançy onuň düýşini diňläninden soň:

- Size hoş habary aýtmaga örän şat! Siz ahli öz garyndaşlarňyzdan has uzak ýaşap - öte geçersiňiz.
Hökümda,r bu aýdylan çaklamasy üçin begendi we sahylyk bilen sylaglady. Köşgüň beýleki adamlary ( emeldarlary ) gaty geň galdylar.

- Hökümdara, senden öň gelen görgüli öňki gezek aýdyşy ýaly - senem şol bir zat aýtdyň ahyr, näme üçin onda, oňa jeza berildi we sen bolsa sylaglandyň? Olar ondan soradylar.
Yzyndan ol şeýle jogap berdi:

- Ikimizem düýşi şol bir manyda ýorduk. Ýöne bularyň hemmesi näme diýmelidigine däl-de, nädip aýtmalydygyna bagly.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir