Rokfellerler maşgalasy

Bu maşgalanyň taryhy 19-njy asyryň 40-njy ýyllaryna baryp direýär,edil şu wagtda Jon Rokfeller dünýä inýär.Bu adam ýaşlygyndan öz hereketlerini öňünden ölçäp,soň ýerine ýetirýärdi we şu häsiýeti bilen başgalardan düýpli tapawutlanyp durýardy.

16 ýaşynda buhgalterlik kärhanasyna kömekçi hökmünde işe giren bu ýetginjek oglan,biznes ýöretmegi we bazar ykdysadyýeti ýaly ylymlary tizlik bilen öwrendi we şäherde nebit ýatagy açylanda,geljekgi magnat gara altyna özüniň bar puluny goýdy.


Başga biznesmenlerden tapawutly ýagdaýda Rokfeller uzak müddetli biznesleriň gelejeginiň uly bolýandygyna düşünip ýetdi.Iş häzir peýda getirmeýän bolsa,bu biznes gelejekde öz eýesiniň baýamagyna sebäp bolonok diýildigi däl.

Rokfeller nebit bazaryna özüniň "Standart oil" atly kompaniýasy bilen girip baranda,hemmeler ony samsyklykda günäkärlediler.Emma,geljekgi millarder(hat-da dünýädäki birinji milliarder)kärhananyň geljekgi üstünliklerini görüp bildi.Aradan köp wagt geçmän(1879-njy ýyl)Rokfeller kompaniýasy Amerika nebit bazarynyň 90%-ni dolandyryp başlady we ykdysadyýetiň bu ugrunda öz kada-kanunlaryny goýdy.

Rokfeller maşgalasynyň dowam edip gelýän däp-dessurlaryna daýanan ýagdaýda,onuň nesilleri maşgalanyň maddy ýagdaýyny ýenede ösdürdiler, hem-de ony dünýäniň iň baý maşgalalary reýtinginde ýokarky orunda saklanmagyny gazandylar.Häzirki wagtda Rokfeller maşgalasy 40-dan gowrak iri kompaniýalara eýe bolup,ýylyna 1 trillion dollardan gowrak peýda görýärler(bu ABŞ jemi içerki önüminiň 10%-ne deň).

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir