Soňky on günüň dowamynda türkmenistanlylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dollarlaryny satyn almakda kösençlik çekip başladylar. Banklardaky daşary ýurt pullarynyň alyş-çalyş nokadynda ABŞ-nyň dollaryny almak isleýänleriň nobaty barha artýar. Nobata durýanlaryň köpüsi alyş-çalyş nokatlarynda bar bolan dollaryň tizden tamamlanmagy sebäpli, «gara bazara» gitmeli bolýarlar. 1 amerikan dollarynyň bahasy resmi kurs boýunça 2,86 manat. «Gara bazarda» bolsa häzir 1 amerikan dollarynyň bahasy 2,94 manada baryp ýetdi. Ýöne bu ýerde-de dollaryň diňe ownuk kupýuralaryny tapyp bolýar. 100-lük kupýurany diňe bir «gara bazarda» däl, eýsem, ýurduň banklarynda hem tapmak kyn.
Türkmenistanda amerikan
- 
                Beglish
                14 years ago
                
- Türkmenistanda amerikan dollary gytalýar !!! shul teman ady
- 
                krokodyljyk
                14 years ago
                
- Menä basym öýlenjek hemmäñizi toýa çagyrýan toý TÜRKMENISTAN-da bolýa
- 
                Yolotenli
                14 years ago
                
- $u temany eyyam 3-nji gezek okayan. Nadip munyaly edip yazyp bolyar? Manada owreday
- 
                ruqaya
                14 years ago
                
 amerike?? xaxa :D
Beglish 14 years ago- Türkmenistanda amerikan dollary gytalýar !!! shul teman ady