RESUL ALAÝHYSSALAMYŇ EMIRUL-MÖMINIŇ WE YMAMUL-MUSLIMIŇ HEZRETI ALY IBN ABU TALYP KERREMELLAHU WAŽHA EDEN WESÝETLERI Hezreti aly kerremellahu Wažhadan rowaýat edipdir kim, aýtdylar ki: " Bir gün serweri älem Muhammet Mustapa salallahu aleýhy wesallam meni huzuryna talap kyldylar. Wagtynda hyzmatlaryna bardym, maňa mähribanlyklar görkezip aýtdylar: " Eý, Aly, sen maňa Musa alaýhssalamyň Harun diýen agasy diýip ýakynsyň. Emma Harun ýaly pygamber dälsiň. Çünki menden soňra pygamber çykmaz. Eý, Aly, bu gün saňa bir wesýet kylarmen ki, ony berjaň etseň, dünýäde ýagşy halda bolarsyň. Eger ölseň, şehit bolarsyň. Owalky we ahyrky ylymlar işbu wesýetnamada aýdylandyr. Eý, musulmanlar, her gün bu "Wesýetnamany" okaň we oňa amal ediň. Eger şeýtseňiz, dünýädäki we ahyrýetdäki belalardan halas we emin bolarsyňyz, akylly we dana bolarsyňyz. diýdi: Eý, Aly, mynapygyň(ikiýüzli) üç alamaty bardyr: Sözlese, ýalan sözlär, wadasyna ters iş tutar, amanada hyýanat eder. Eý, Aly, zalymyň üç alamaty bardyr: Elastyndakylara jebir-sütem eder, özünden zorlaryň öňünde edep saklap, özüni pes tutar, halkyň aş-nanyny nahak iýer. Eý, Aly, bahylyň üç alamaty bardyr: seniň öňüňde jögülik eder, yzyňdan gybat eder, eger saňa bir musybat(betbagtlyk) ýa gam uçrasa, oňa hoşal we şat bolar. Eý, Aly, helim(mylaýym, ýumşak) kişide üç alamat bardyr: arasy bozulan kişi bilen aragatnaşygy ýola goýar, elinden hiç iş gelmeýän, ýagny, durmuşynyň dolanşygy kyn kişä haýyr eder, özüne kim zulum etse-de, şony bagyşlar. Eý, Aly, mominiň üç alamaty bardyr: namazy wagtynda okar, remezan aýynda oraza tutar, malynyň zekatyny bermegi unutmaz. Eý, Aly, akmagyň üç alamaty bardyr: Alla Tagalanyň permanlaryny berjaý etmez, bihuda sözleri köp sözlär. Alla Tagalanyň zikrinden daş, bimany sözleri sözlär, bendeleriň yzyndan gybat eder. Eý, Aly, bagtyýarlygyň alamaty üçdir: halal lukmaly bolar, hemişe ylym adamlary bilen söhbetde bolar, bäş wagt namazy jemagat bilen bile eda eder. Eý, Aly, betbagtyň alamaty üçdir: haram lukmaly bolar, hemme ylmy söhbetlerden gaçar, jemagat bilen okamaga mümkinçiligi bolsa-da , namazy ýeke eda eder. Eý, Aly, Salyh kişiniň alamaty üçdir: yhlas bilen tagat eder, günä işlerden özüni saklar. Ýamanlyk edene ýagşylyk eder. Eý, Aly, betkäriň alamaty üçdir: Alla Tagalanyň tagatyny ýadyndan çykarar. Allanyň bendelerine gopbamlyk eder. azar berer, ýagşylyk edene ýamanlyk eder. Eý, Aly, ýagşy kişiniň alamaty üçdir: özi bilen Alla Tagala arasyndaky mylakaty rast eder, günälerini toba we ýagşylyk bilen ýuwar, özüne rowa görenini başgalara hem rowa görer. Eý, Aly, günä işden özüni saklaýanyň alamaty üçdir: ýaman söhbetden heder eder, ýalan we gybatdan gaçar, halala haramyň howpundan žtiýaç eder. Eý, Aly, birehim, bagrydaşyň alamaty üçdir: ejizlere rehimetmez, azrak närsä kanagat etmez, pende, nesihata gulak salmaz. Eý, Aly, syddyhyň(rastgöý, hakykatçy, sadyk) alamaty üçdir: ybadatyny, beren sadakasyny we günäsini pynhan tutar. Eý, Aly, bozuk, ýaman ýola düşeniň alamaty üçdir: günä we ýaman işi ýagşy görer, Alla Tagalanyň bendelerine zelel ýetirer, dogry ýoly taşlap, egri ýoldan ýörär. Eý, Aly, beýik hümmetliligiň we sahylygyň alamaty üçdir: kasas(ar) almaga kadyr bolsa-da bagyşlar, malynyň zekatyny doly berer, myhmana sylag-hormat eder. Eý, Aly, sabyrlynyň alamaty üçdir: her işde howlukmaz, eger musybat(betbagtlyk) bolsa, hökümi Ylaha sabyr eder, Alla Tagaladan her näme ýetse, razy bolar we şükür kylar. Eý, Aly, kalby rehimdaryň alamaty üçdir: günäsinden gorkar, Alla Tagaladan utanar, kyýamat güniniň ryswalygyndan gorkar. Eý, Aly, Dostuň alamaty üçdir: öz nebsini dostuna pida eder, malyny oňa bagyşlar, onyň syryny gorap, paş etmez. Eý, Aly, dananyň alamaty üçdir: mal-dünýäni özüne dost tutmaz, Hudanyň zikirini köp aýdar, her sözünde Alla Tagalanyň zikiri bolmasa, özüni nebsine duşman biler. Eý, Aly, alymyň alamaty üçdir: rast sözi sözlär, haramdan berhiz tutar, halk bilen bile bolar, emma muny mal-dünýä üçin etmez. Eý, Aly, ybadat edijiniň alamaty üçdir: öz nebsini saklar, jynsy amala berilmez, gijesi kyýamda(aýak üstünde) bolar. Eý, Aly, gaty ýaltanyň alamaty üçdir: Alla Tagalanyň tagatyny etmäge ýaltalyk eder, ähli tagaty nogsan bilen eder, namazy wagtyndan gijikdirip okar. Eý, Aly, ikiýüzli gözboýagçynyň alamaty üçdir: adamlaryň öňünde ruku( namaza egilende) we sužud(namaza sežde edende) uzyn eder, hiç kim ýok ýok ýerinde - ýekelikde adyna diňe ruhu we sužat eder, köpçiligiň içinde Alla Tagalany "ýat" eder. Eý, Aly, Taňrynyň öňünde hemmeden duşmanrak ol kişi ki: halk oňa ýagşy diýer, Emma Alla Tagala onuň kalbynda ýagşylyk ýoklugyny--daşky görnüşi ýumşak we içki älemi ýaman ekenligini ýagşy biler. Eý, Aly, terezä(ýagny, kyýamat güni bolýan sowal-jogaba) ol kişi düşgeý ki: baýlara gadyr goýup, derwüşleri har eden, baýlara juwanamertlik edip, derwişlere bahyllyk eden. Eý, Aly, terezide ol kişi bolgaý ki: bu ömri uzyn bolup, amaly ýaman bolan, Alla Tagalanyň gadagan eden närselerini hemişe edip, toba etmedik, ýöne Alla Tagaladan geçirmegini dilän kişi. Eý, Aly, terezide bir kişi bolgaý ki: ol musulman ýoldaşyna ýamanlyk isläp, hemişe ony heläk etmek çäresini oýlan kişidir. Eý, Aly, terezide ol kişi bolgaý ki: ol ömri gaflat bilen geçip, ömrüniň ahyrynda Alla Tagalanyň tagat we ybadatyny sustlyk bilen edendir. Nauzy billohi minha--(Şunuň ýaly işden Hudaýdan pena dileýäris). Eý, Aly, hekimi(danyşment-danany) gazap wagtynda, sabrlyny musybat wagtynda we dosty hajat wagtynda bilse bolar. Eý, Aly, Hudaýyň ýolunda dostlaryň sanyny artdyr. Dostsyz kişi çep elsiz sag ele meňzeýär, ýagny, dostsyz hiç iş bitmez. Eý, Aly, bilgil ki, her kimiň dosty az bolsa, Alla Tagalanyň öňünde onyň gadyr-gymmaty ýokdyr. Eý, Aly, Alla Tagala maňa wahyý(habar) etdi ki: Ahmad,(Pygamberiň atlarynyň biri) men perişdeleriň aralaryna dostlyk taşladym, sen hem sahabalaryň arasynda dostlyk taşlagyn. Dostlyk ýagşy närsedir. Eý, Aly, köp kişiler bar ki: olary dostlaryndan başga kişiler goldap-kuwwatlandyrmazlar. Şumlukda, Hak Tagala buýrýar: "Fama lana min şafiiýn". Eý, Aly, bäş närse bardyr ki, kalby öldirýändir: köp iýmek, köp uklamak, köp gülmek, dünýä gamyny köp iýmek we haram iýmek. Eý, Aly, bäş närse bardyr ki, kalby gaty(ýany, bagrydaş) eder: günäni hemişe etmek, tagamy doýup iýmek, bendelere zulum etmek, namazy gijikdirmek, çep el bilen tagam iýmek we içmek. Bende gaty gaharjaň bolsa kapyr bolmak, kapyr bolmak howpy bardyr. Eý, Aly, bäş närsa bardyr ki, peýdasy zelel getirer: syçan degen tagamy iýmek, suwa siýmek, kybla garap siýmek, kül üstüne siýmek, haram keýpi işletmek. Eý, Aly, bäş närse bardyr ki, kalby röwşen eder: “Yhlas süresini” köp okamak, tagamy az iýmek, ulamalar(alymlar) bilen söhbet etmek gijesine we säher wagtynda namaz okamak. Eý, Aly, dört närse bardyr ki, gözüň nuruny röwşen eder. Gutly Käbä we Kelamy şeribe nazar kylmak, ulamalaryň ýüzlerine tagzym we hormat bilen seretmek, ata-eneleriň ýüzlerine nazar salmak. Eý, Aly, bäş närse bardyr ki, kişiniň hyýalyny perişan eder(aňyna nogsan ýetirer): gaýgy-gamyň köpligi, köp pikiru-hyýal etmek, karz, aýallaryň ysy, köp mahallap hassa bolmak. Eý, Aly, hoşhulklyk ynsany orazadarlar we gazat(din ýolunda jeň edijiler) derejesine ýetirer. Eý, Aly, hemişe täretli bolgun. Täretlikäň edilýän herki iş üçin perişdeler şol kişiniň günäsini Alladan dileýärler. Eý, Aly, aýyň soňunda damardan gan aldyrmagy özüňe lazym gör, onuň, peýdasy köpdir. Eý, Aly, aýyň üçi, bäşi, on üçi, ýigrimi biri, we ýigrimi dördi günlerinden heder etgin ki, olar bisähet günlerdendir. Alla bu hakda buýrýar ki: “Fi: aýýami nahisatin...”. Eý, Aly, islendik bir bina we ymaraty başlamakçy bolsaň, ýekşenbe güni başlagyn ki, Alla Tagal asman we zeminleri ýekşenbe güni ýaradandyr. Eý, Aly, sapar eden bolsaň, duşenbe güni ýola düşgün, pygamberler duşenbe güni sapar edendirler. Eý, Aly, damardan gan aldyrmakçy bolsaň, siňenbe güni aldyrgyn, sişenbe güni kabylyň Kabylyň Habyly öldürlen günüdir. Eý, Aly, çarşenbe gününden, seresap bol, bisähet gündir. Emma derman içmek we tebiplik ylmy üçin zerur amallar rowandyr. Eý, Aly, bilgil, penşenbe güni Nemrudyň ýanyna baranda, Ybraýym alaýhyssalamyň maksatlary hasyl boldy. Eý, Aly, juma güni öýlnmek we nika günüdir, hemme pygamberler alaýhyssalam işbu günde nika edilendir. Eý, Aly, şenbe güni şikar hem aw ýagşydyr. Bu dogany penşenbe we şenbe güni okamk ýagşydyr: “ Allahymma barikli: waliummati: fi:sabdiha wa hami: siha wažal zalika fi:buku:riha”. Eý, Aly, zynhar çarşenbe gijesi ýalaňaç turmagyn ki, hiç kişi işbu bu gijede ýalaňaç turmaz. Şeýtanyň onuň arkasyna uraýmagy mümkindir. Onsoň jynlylyk, diwanalyk we başga lamatlar peýda bolar. Eý, Aly, zynhar, hajatlaryňy azan bilen tekbir arasynda soramagyn, muny parz namazyny okanyňdan soň, dilegin, dogaň kabul bolar. Eý, Aly, ogrulygyň ýamany namazda ogrulyk etmekdir. Ýagny, ruku we sužuduň şertlerini berjaý etmezlikdir. Eý, Aly, hemme öwülýäler(keramatlylar) welilik derejesini namazy köp okap, orazany köp tutup gazanan däldir, belki, juwanmertlik bilen we nebislerini har tutmak bilen tapandyrlar. Eý, Aly, Sahabat—jenetdäki bir daragtyň adydyr. Juwanmertler ol agaja el urandyrlar. Ol daragt olary özüne çekip, jennete alyp gider. Eý, Aly, Bahyl—dowzahdaky bir agajyň adydyr. Bahyllar ol daragyta el urandyrlar. Olary özüne çekip, dowzaha sary alyp gitjegem şol daragtdyr. Eý, Aly, “Jennet bahyllara, ikiýüzlilere we ata-enelerine azar berenlere haramdyr” diýlip, jennetiň gapysyna ýazylandyr. Eý, Aly, Alla Tagala behişti ýaradanda, behişt seslenip sorady: “Eý, Hudaý, meni kimler üçin ýaratdyň?” Owaz geldi: “ Juwanmertler üçin we berhizgärler üçin!” “Ylahy, razy boldum!” diýip behişt seslendi. Eý, Aly, “behişt nebsiň isleglerine garşy gidenleriň jaýydyr, nebsiň ýaman isleglerini berjaý edenleriň jaýam ýaman dowzahdyr” diýip, dowzahyň gapysyna ýazylandyr. Alla Tagala dowzahy ýaradanda, dowzah seslendi: ”Eý, Hudaý, meni kimler üçin ýaratdyň?” Owaz geldi: “Tekepbirler we bahyllar üçin!” “Dogry, olar maňa laýykdyrlar!” diýip dowzah seslendi. Eý, Aly, Alla Tagalanyň razylygy ata-enäniň razylygyndadyr we Alla Tagalanyň gazaby olaryň gazaplaryndandyr. Hawzu billohi min zolik—(Alladan pena dileýäris, beýle işden saklasyn) Eý, Aly, eger ol kapyr bolsa-da myhmany eziz tutgyn, eger olar atly gelselerem, gedaýlary sadakaňdan mahrum etmegin. Eý, Aly, wagty gelende ol bende behiştiň öňüne barsa, behiştiň perdesini düşürler we onuň girmegini gadagan ederler. “Ony dowzaha alyp baryň!” diýen perman bolar. Şonda ol bende aýdar: “Eý, Hudaý, meni dowzaha salmakçy bolsaň, näme üçin maňa jenneti görkezdiň?” Owaz geler: “Eý, bende, sen dünýäde haram bilen ýaşadyň, uly günäleri etdiň, günäli hem oldüň!” Eý, Aly, Her kimiň gazanjy halal bolsa, din we ygtykaty kuwwatly bolar, göwni dar bolmaz, gözi Alla Tagalanyň howpuny görmez, dogasy kabul bolar. Ol bendäniň rysgy behiştden geler, dini mäkäm bolar, kalby garaňky bolmaz we hak ýoly tanar. Eý, Aly, eger sadaka bermekçi bolsaň, halal malyňdan bergin. Bir halal lukma, ýa bir tilsge halal hurmany sadaka edip bermek Alla Tagalanyň öňünde haramdan gelen müň tyllany berenden ýagşydyr. Eý, Aly, tagamdan soň dişiňi synçgamakçy bolsaň, hurmanyň ýapragy bilen synçgagyn, sübsäniň çöpi bilen sala synçgamagyn. Bu iş garyplyk getirer we gurt peýda bolar. Eý, Aly, elbetde, hemişe miswak(ýörite diş ýuwulýan esbap) ulanmaga çalyşgyn, onda ýigrimi dört ýagşylyk bardyr. Eý, Aly, açyk ýüzli bolgun. Alla Tagala açyk ýüzlini dost tutar. Gabarylmagyn, ýüzüňi turşartmagyn, Allaga ýüzüňi çytmagyn—amalnamaňy(ýazgyt kitabyňy) ýamanlyk bilen garalamagyn. Eý, Aly, eger bütin älem saňa duşman bolsa hem, hiç endişe etmegin, amanady goramak üçin juwanmertlikden, rastyňy sözlemekden gorkmagyn. Eý, Aly, zynhar ölüler bilen oturmagyn. Soradym: “Ýa Resulullah, ölüler kimlerdir?” Aýtdy: “Jahyllar we gapyllar—ölülerdir!” Eý, Aly, kyýamat gününde hiç kim najat tapmaz, ýöne iki taýpa: sahabatly baý we takwa garyp najat tapar. Eý, Aly, täret kylaňda örän ätiýaçly bolgun, täki agzallaryňy ýagşy ýuwgyn we hemmeýeriňe suw ýetirgin. Bu imanyň bir bölegidir. Eý, Aly, täret kylan wagtyňda suwy köp dökme we isrip etme. Täretden soň: “Inno anzalnohu” süresini okagyn, elli ýyllyk sogaby amalnamaňa ýazarlar. Eý, Aly, täret kylanyňdan soň, on bir gezek “Salawat” ibergin, Alla Tagala hemme gam we hesretleriňi ýok eder we dogalaryň kabul bolar. Eý, Aly, ertir namazyny wagtynda okap, täki gün ýakyýança, namaz jaýyňda oturyp, Alla Tagalany ýatlagyn. Eý, Aly, her kim bu sözlere amal etse, Alla Tagala onuň amalnamasyna hajy umra sogabyny we müň tylla bergiň sogabyny we gul azat edeniň sogabyny girizer. Eý, Aly, saparda bolsaňam, öz diýaryňda bolsaňam çäş namazyňy okagyn. Behiştde bir gapy bardyr, oňa: “Bobuz-zuha” diýerler, ýagny “Çäş” gapysy diýmekdir. Eý, Aly, kyýamat güni gelende aýdarlar: “ Çäş namazyny okan kişiler bar bolsalar bu”Bobuz-zuha” gapysyndan girsinler, olar Alla Tagalanyň gazabyndan amandyrlar”. Eý, Aly, Alla Tagala haýsy pygamberi iberen bolsa, oňa çäş namazy okamagy emir etdi. Eý, Aly, elbetde, namazy jemagat bilen okagyn, Alla Tagalanyň nazarynda ol ýedinji asman perişdeleriniň namazy ýalydyr. Eý, Aly, elbetde, sen birinji hatarda durgun. Ol Arşy Metjidiň astyndaky perişdeler hatarlaryna barabardyr. Eý, Aly, başyny seždä goýup: “Rabbi:inni:zalamtu nafsi: fagfirli: fainnahu: la ýagfiruz zunu: ba illa anta” diýýän kişi Alla Tagala dost bendedir. Eý, Aly, hamr(arak, şerap) içýän kişi bilen dost bolmagyn, zekat bermeýänler bilen aşna bolmagyn, asmanlarda olara Alla Tagalanyň duşmany diýipdirler. Eý, Aly, parahorlar bilen oturmagyn, olar Alla Tagala bilen jeň edýärler. Şunlukda diýer ki: “Faznu: bi harbin minallahi wa rasu: lihi”. Eý, Aly, haçan namazyň wagty gelse, tizlik bilen namaza taýýar bolgun, birden şeýtan seni bir azda gümra edäýmesin. Eý, Aly, her kim bir işçini alyp gelip, ony işletse we muzdyny doly bermese, hemme ýagşy amallary ýoga çykar. Men hem oňa duşman bolaryn. Nauzu billohi minha. Eý, Aly, her kişi hatynyna renç we külpet ýetirse we soň ony razy etmese, hemme ýagşy amallary bikär bolar. Kyýamat gününde Alla Tagala oňa duşman bolgaý. Nawzu billohi minha. Eý, Aly, Jebraýyl alaýhyssalam şu alty häsiýeti bolan kişi bilen ýüzbe-ýüz bolar: namazy jemagat bilen okan, ulamalar bilen söhbetdeň bolan, näsaglary baryp gören, teşnä suw beren, iki kişiniň ortasynda sulh düzen, ýetim we ejizlere yhsam eden. Eý, Aly, işbu işleri etmäge köp yhlasly bolgun, Jebraýyl alaýhyssalam bu işleri etmegi arzuw edýär: haçan ýetim aglasa, Allanyň Arşy Metjidi titreýär. Perman bolar: “ Eý, Jebraýyl, dowzaha baryp, ýetimi agladýan ol adamyň jaýyny giňden tut. Elbetde, men ony aglatmaryn.” Eý, Aly, Hudaý Tagala perman eder: “ Eý, Jebraýyl, behişte baryp, ýetimi wagty hoş eden, güldiren ol adamyň jaýyny giň etgin. Elbetde, men ony wagtyhoş ederin.” Eý, Aly, Alla Tagala adamyň süňünde dilden ýagşy we ýaman agzany ýaradan däldir. Eger kişi behişte, ýa-da, dowzaha barsa, dili sebäpli barýandyr. Eý, Aly, “La ilaha illallahu kabla kulli ahadin, la ilaha illallahu bada kulli ahadin, ýabka rabbuna wa ýafna kulli şaýin” diýen aýaty on bir gezek aýtsaň, perişdeler saňa kömek ederler. Eý, Aly, “Allahuma barik li: fi: ma kablal mawti wa fi: ma badal mawti wa nažžini: minan-nari” her bende ýigrimi bir gezek aýtsa, Alla Tagala beren nygmatlarynyň hasabyny ondan almaýar. Eý, Aly, gijeki namazy okamagy, elbetde, özüňe lazym tutgyn. Gijeki okalan iki rekat namaz, gündiz okalan müň rekat namazdan artygyrakdyr. Gijeki namaz ýüzüň nuryy zyýada eder. Eý, Aly, her gün toba etgin, men her gün ýetmiş mertebe toba edýärin. Bilip goý, “Istigfar kelemesi” pugta çarbagdyr. Eý, Aly, Hudaýyň hiç mahlugyna lagnat ibermegin. Her kişi lagnat iberse, iberen lagnatam ornuny tapmasa, ol gaýdyp, lagnat edijiniň özüne ýapyşýar. Eý, Aly, haçandyr bir wagt ýanyňa hajat üçin bir kişi gelse, ol Alla Tagalanyň saňa peşgeşidir. Haçan onuň hajatyny rowa teseň, Alla Tagala günäleriňi ýalkap, hemme hajatlaryňy rowan eder. Eý, Aly, elbetde, zulum edilen kişiniň dowasyndan ätiýaçly bolgun. Eger ol kapyr bolsa-da, Alla Tagala onuň dogasyny kabul eder. 100. Eý, Aly, zynhar ýalandan kasam içme, bu kasam eden ömrüni kemeldýär. 101. Eý, Aly, elbetde, gijäniň başynda ukla we ahyrynda oýa bol, ýüzüňi ýere garadyp ýatma. 102. Eý, Aly, gapynyň bosagasyna başyňy goýup ýatma, işikde oturma we eliňi ýüzüňe tutma. 103. Eý, Aly, barmaklaryňy şakyrdatma, bir-biriniň arasyna girizme, elekde tagam iýme we ýene tabagyň arkasynda tagam iýmegin. 104. Eý, Aly, köwşüňi geýmekçi bolsaň, ilki sag aýaga geý, çykarmakçy bolsaň, ilki çep aýagyňdakyny çykar. 105. Eý, Aly, zynhar abzallaryňa dag basma, gijesine aýna garama, agyz-burnuňdan çykan suwuklygy suwa taşlamagyn. 106. Eý, Aly, zynhar nejasatyňy taraşa(agaç bölegi, ýonuşga) bilen, ýa-da, süňk bilen süpürme we özüňi arassalama, onuň dert getirer gorkusy bar. Köýnegiňi ters geýme. 107. Eý, Aly, zynhar, balagy dik durup geýme. Günüň we Aýyň garşysynda uýat ýeriňi açma. 108. Eý, Aly, zynhar, dyrnagyňy dişiň bilen almagyn, eliňde tagamyň ýoky bolsa ýuwman ýatmagyn, hatar düýeleriň arasyndan geçmegin. 109. Eý, Aly, zynhar öz uýat ýerleriňe seretmegin, gözüň röwşenligine zyýany bardyr, azan bilen tekbiriň aralaryna söz goşmagyn. 110. Eý, Aly, zynhar, goňşyňa azar berme, hiç kimiň gybatyny etme. Haram närselere bakma, gözüňi ýumup geç. 111. Eý, Aly, Sapara ýeke gitme, garaňkyda tagam iýme. Eliňe köp nahar almagyn, lukmany köp çeýnäp, soňra ýuwut. 112. Eý, Aly, özüňden derejesi peslere zulum etme, her işde dostlara we danalara maslahat sal we rysk-ruz üçin gam iýme. 113. Eý, Aly, duşmanyň tarapyna maýyl bolma, hatynyňy gora, hyzmatçylaryňy hor saklama, ili, maşgalaňy, aýallaryňy gamlandyrma we aýallara üns bilen nazar etme. 114. Eý, Aly, dilegçini mahrum edip gaýtma, amanady öz eýesine tabşyrgyn. 115. Eý, Aly, ylmy öwretmäge çalyş, täki, her kim senden ylym öwrensin. Hudaý ýolunda eliňi açyk kyl. 116. Eý, Aly, ýagşylygyňy hiç kimden aýama, ýagny, hemmä ýagşylyk et. Hemme günälere toba kyl. 117. Eý, Aly, zynhar, geýimleriňi päk sakla, ölümiň ajylygy şundadyr. 118. Eý, Aly, her bamdat( ertir namazy) Ýasyn süresini okamagy özüňe endik edin, her kim her bamdat Ýasyn süresini okasa, tä gijä çenli Alla Tagalanyň hemaýatynda, goragynda bolgaý. 119. Eý, Aly, her kişi hupdam wagtynda “Wassamai wattarik” süresini okasa, asmandaky ýyldyzlaryň hasaby ýaly ýagşylyk onuň amalnamasyna ýazylar. 120. Eý, Aly, her kim juma gijesi “Bakara süresini” okasa, oňa bir nur bolgaý ki, ýedinji asmandan tä ýeriň ýüzüne gelgeý. 121. Eý, Aly, “Salawat” we “Istigfar” etmegi özüňe lazym tutgyn. Alalhusus hupdan wagty ýagşyrakdyr. 122. Eý, Aly, “Kelime tamjid” aýtmagy özüňe lazym tutgyn. “Kelime tamjid” şundan ybaratdyr:”Subhanalla-hi walhamdu lilahi wala ilaha illalahu wallahu akbar. Wala hawla wala kuwwata illi dillahhil alaýýil azi:m”. 123. Eý, Aly, elbetde, “Yhlas süresini” köp okawergin. “Yhlas süresi” Gurhanyň nurydyr. 124. Eý, Aly, “Aýatul kürsi” ni köp okawergin, onuň her harpynda müň bereket we müň ýagşylyk bardyr. 125. Eý, Aly, hupdan wagtynda “Täbärek süresini” okawergin, saňa rehmet getirer. Soňra bu dogany okagyn:”Allahymma inni: au: zubika min kulli dabbatin ahuzin binasiýatiha wa astaluka minallazi: kulluhu biýadik. Allahumma asimni: bis-islami wa la taşmit bihi: aduwwan hasidan.” 126. Eý, Aly, tagam iýmäge başlaňda, düz bilen başlagyn we ol tagamy duz bilen tamam etgin. Ölümden başga müň dürli derde şypadyr. 127. Eý, Aly, hemme adamzada janlylykdan bir damar, edepsizlikden bir damar we körlükden bir damar bardyr. 128. Eý, Aly, Alla Tagala janlylygy balgam bilen, edepsizligi nyzam bilen we körligi göz agyrsy bilen dep eder. 129. Eý, Aly, ýalançyda wepa bolmaz, bahylda mürewwet bolmaz we ýaman halkda gaýrat bolmaz. 130. Eý, Aly, säher turýanlary öz perzentleriň dek eziz görgün. 131. Eý, Aly, maňyzy köp iýgin, pähimi zyýada eder. 132. Eý, Aly, hergiz hatynlara kitapdan tälim bermegin, megerem, “Nur süresini” öwretgin. 133. Eý, Aly, enardan köp iýgin, onuň her dänesi behiştden çykandyr. 134. Eý, Aly, zynhar keramaty ret etme we pespäl bol. Şeýtseň Alla Tagala seni eziz görer. 135. Eý, Aly, gijesine gözüňe sürme çekgin, käte başyňy daňgyn we kindigiň(göbegiň) astyny hem aýaklaryňy ýaglagyn, nepi köpdir. 136. Eý, Aly, sakgalyňy daramany özüňe haýyr bilgin, işleriň rowaç bolar. 137. Eý, Aly, eger sapara çykmakçy bolsaň, “ Ýasyn süresini” we “Inna anzalnahu süresini” okagyn, Alla Tagala duşmanlaryň garşysyna saňa hemaýat eder. 138. Eý, Aly, gelin öýe getiren wagtyň aýaklaryny bir legende ýudurgyn, soňra ol suwy öýüňe sepgin. Şol wagtam şu dowany okagyn: “Allahumma barik li:fi:hazihin-nahýati wa barik laha fi: nahiýati” bu doganyň nepi köpdir. 139. Eý, Aly, ilkinji hepdede gelni ak närselerden gadagan et we şol gijeler turşy närseleri iýme. 140. Eý, Aly, aýyň ilkinji we ahyrky gijesi hatynyň bilen ýakynlaşyk etmegin, bu gijeler perzent galsa diwana bolar. 141. Eý, Aly, çarşenbe gijesi aýalyň bilen ýakynlaşyk etmegin, eger perzent galsa, adam öldürýän, garakçy bolar we aýt-toý baýram gijesi hem jynsy gatnaşyk etmegin, perzendiň jenaýatçy bolar. 142. Eý, Aly, jynsy gatnaşyk wagtynda hatynyň bilen sözleşmegin, persent bolsa güň bolar, biri-biriňiziň uýat ýerleriňize nazar salmaň, perzent bolsa kör bolar. 143. Eý, Aly, miweli daragtyň astynda aýalyň bilen ýakynlaşyk etmegin, perzent bolsa zalym bolar. Azan bilen tekbir arasynda hem jynsy gatnaşyk etmegin, perzent bolsa näperman bolar. 144. Eý, Aly, näpäklik(aýbaşy) döwründe ýakynlaşyk etmegin, perzent bolsa bahyl bolar. 145. Eý, Aly, duşenbe gijesi hatynyň bilen ýakynlaşyk etgin, eger perzent bolsa, alym bolar. Eger şenbe gijesi ýakynlaşyk etseň, perzent bolsa, gaýratly bolar. 146. Eý, Aly, eger penşenbe gijesi hatynyň bilen ýakynlaşyk etseň, perzent bolsa, alym we berhizgär bolar, eger juma gijesi ýakynlaşyk etseň, perzent bolsa, abit(ybadat ediji) we gyzygagan bolar. 147. Eý, Aly, şu wesýetleri menden öwrengin, men olary Jebraýyl alaýhyssalamdan öwrendim. 148. Eý, Aly, rysgyň ýetmezçilik eden wagty bolsa, “Istigfar kelemesini” we “tamjit kelemesini” köp okagyn. Alla Tagalanyň rehmeti we wagtyhoşlygynyň nyşany alamaty ondadyr. 149. Eý, Aly, rysgyň agyr we ýeter-ýetmez günäniň kölüginden we hezreti Hudawendi jalla zikrahunyň gazabyndan bolar. 150. Eý, Aly, elbetde, her gün Gurhandan ýüz aýaty okagyn. Her kim Gurhan okap, halal-haramy parh etmese, kyýamat gününde ol Alla Tagalanyň gazap eden bendesinden bolar. 151. Eý, Aly, jöhitler “Towraty” okadylar we oňa amal etmediler we meniň sypatymy eşitdiler, bes, dowzahda olaryň derejeleri üýtgäp, her gün ýamanyrak derejäni taparlar. 152. Eý, Aly, dowzahda demirden degirmen bardyr, Gurhan okap amal etmeýänleri we berhiz tutmaýan alymlaryň başlaryny onda ýenjerler. 153. Eý, Aly, Alla Tagalanyň bendeleriniň arasynda höküm etmek isleseň, adalat hem-de rastlyk bilen höküm kyl we zulum etmegin. 154. Eý, Aly, jöhitlere tagzym etgin, lakamlary bilen çagyrmagyn, belki atlary bilen çagyrgyn, olar şoňa laýyk we sezewardyrler. 155. Eý, Aly, her kimse meniň ýaranlaryma nämakul söz diýse, olaryň aýagyna teşe urgyn, belki, boýunlaryna şemşir urgyn, olar ymmatymyň jöhütleridir. 156. Eý, Aly, dowzaha iki taýpany salarlar. Birinjisi—bir jemagat ki, olar Abu Bekr, Omar we Osman razyallahu anhumlary özlerine duşman tutarlar. Olar rafizidirler(Şyga mehsebindäki kişilerdirler). 157. Eý, Aly, ikinji bir jemagat Abu Bekir, Omar we Osman razyallahu anhumlary özlerine dost tutup, seni duşman tutýarlar. Olar haryjydyrlar(Hezreti Alyny inkär ediji toparlardyr). 158. Eý, Aly,, elbetde, men magraž gijesi Alla Tagaladan soradym: menden soň seniň halypa bolmagyňy, senden soň bolsa, olaryň halypa bolmagyny. Şonda Hudaýy Tagaladan perman geldi: “ Eý, Muhammet alaýhyssalam, senden soň Abu Bekir, Omar, Osman halypa bolarlar. Halypalygyň ahyry Aly bilen bolgaý. Şeýdip, pygamberligiň ahyry sen bilen boldy.” 159. Eý, Aly, şekestlilere we ejizlere rehim etgin. 160. Eý, Aly, her gije bu bäş närsäni etmezden uklamagyn: ogaly bilen dört müň teňňe sadaka kyl. Ikinjisi, Gurhany hatym kyl. Üçinjisi, behişti satyn algyn. Dördünjisi, haj amallaryňy berjaý eýle. Bäşinji, hemme duşmanlaryňy razy kyl. Şonda emirul mömüniň Aly kerremellahu sorady: “Ýa Resulullah, men olary nähili berjaý edeýin?” Aýtdylar:”Hupdan wagtynda dört müň teňňe sadaka beren dek bolar sen we eger üç gezek “Yhlas süresini” okasaň, göýäki Gurhany hatym eden dek bolar sen. Wagty ki maňa on gezek “Salawat” iberseň, behişti satyn alarsen. Soňra dört mertebe: ” Subhanallahi wal-hamdu lillähi wala ilaha illallahu wallahuakbar”y aýtsaň, haç amallaryňy eden dek bolar sen. Soňra on mertebe “Istigfar” aýtsaň, hemme duşmanlaryňy razy eden bolarsyň.”

Köneler, Akiyevbegench tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir