Meň deňze gidesim gelýär
Şatlansam ýa ynjadygym.
Kenarynda dyzym epip,
Duýasym gelýär özümiň
Deňizden bir damjadygym.

Meň deňze gidesim gelýär
Duýmak üçin deňizleriň
Bu durmuşa meňzeşligni...
Tolkunlaň ötegçiligne
Kenarlaryň werzişligni.

Meň deňze gidesim gelýär...
Gözelligi duýmak üçin
Ýiti ukyp gerek däl-ä.
Goý, ýüzüp bilmämde näme,
Söýgim bar hemem yhlasym –
Olar meni küreklärler.

Meň deňze gidesim gelýär...
Bakman gomlaň gopbamlygna,
Maýdalyna gidip barýan
Töwekgel gaýygy synlap,
Onuň kenara ýetmegin
Çyn arzuw edesim gelýär.

Meň deňze gidesim gelýär...

Kakamyrat REJEPOW.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir