Instituty gutaransoň Nuhty Nazar professor Myratberdi Könäýewiň kömegi bilen, özüniň geljekki ýokary göterilişleri üçin böküş basgançagy bolup hyzmat edibiljek ylmy edaralaryň birinde laborant bolup işe galdy. Emma her näçe ýesersiresede, ýaşlykda ýüz uran pelsepesine görä ur-tut uly-uly işlere welin çekilibermedi. Ýüreginde besläp ýören arzuwlaryndan el çekäýesem gelmedi. Şonuň üçinem kakasy uly edaralaryň birinde işleýän, asly öz obalaryndan bolmasa-da goňşy etraplaryň birinden bolan bir gyza öýlendi-de, gaýynynyň üsti bilen azajyk “beýgeldi”. Jaý edindi. Iň esasanam şäher adamlarynyň arasynda “pylanynyň körekeni” diýen hormatly ada eýe boldy.
Daşyndan seredeniňde düýbünden şäher gyzyna meňzemeýän, hüýt gara, çöpe jan bitdi hor, hüwiniňki ýaly göm-gök, tes-tegelek gözlerini höwlendirip gözleriňe dikende aýaklaryňy tibirdetdiriberýän, jüýkburun gyz Nuhty Nazaryň özündenem dillije, dogumly, ýeserje bolup çykdy. Baran gününden başlap ärini hiç ýana butnatmady. Bile gitdi, bile geldi. Eglense hasabat sorady. Aýlygyny köpügine çenli jübüsinden silkip aldy. Aýdany-aýdan, diýeni-diýen boldy.    Ýöne, aýalynyň bu hökmürowanlygy Nuhty Nazary gaty bir darykdyrybam durmady. Gaýtam onuň şol bolşuna birhili buýsanýan ýaly boldy. “Aý, giç barsak Garagyýçak bizi öýe goýbermez”, “Şol rugsat bermese gymyldap bilmeris” diýen ýaly sözleri aýtmany gowy gördi. Öň-öňler daň atýança oturyp, iýişip, içişip ýören dost-ýarlarynyň arasyndan gyl ýaly sogrulyp gaýtmany, oturylyşykdan ýüz öwürmäni dagy hiç zatça-da bilmedi.     Onuň bu bolşy kysmata kaýyllykdanam däl-de, aýalynyň ähli hereketleriniň diňe içeriniň abatlygyna, agzybirligine gönükdirlendigine düşünýänligindendi. Çünki, hemişe haýbatly gürläp, halymsyrap ýörendigine garamazdan ol gelin hakykatdanam ärine-de, içersine-de diýseň yhlasly. Serenjamçyl. Arassa. Tertipli. Bar zady ýerbe-ýer. Myhman garşylamaga ökde. Biş-düşe ondanam ökde. Hyzmatam şolar ýaly. Äri yzyna adam tirkäp gelse ýükürgenmeýär, gaşyny çytmaýar. Ýöne, kemhyzmat bolmaz ýaly, myhman geljekdigini öňünden duýdurmaklygy welin, ärinden berk talap edýär. Myhman gelende gapa çykyp garşy almany, gidende gapa çenli ugratmany, “gelip duruň” diýmäni unutmaýar. Her näçe gaharjaň bolsa-da, myhmanyň ýanynda siltenmeýär, ärine igenmeýär. Näme göwnüne näjaý bolsa, ikiçäk galanlaryndan soň aýdýar. Äriniňki bolsun, özüniňki bolsun, dogana, garyndaşa yssysy güýçli. Mährem.
Merkezden uzak obalaryň birinde, onuň-munuň goçuny biçip, odunyny daşap, çaňňalak süpläp zar-zelillik bilen ösen çarwa oglany üçin şondan başga näme gerek? Muňa Nuhty Nazaryň özem düşünýär. Şonuň üçinem onuň kejine gaýdanok. Munyň däl diýenok. Näme diýse-de sesini çykarman diňleýär. Soňundan çürüje kellesini titredip bir wäşije söz oklaýar, şonuň bilenem “ýaz ýagşy” kiparlaýar. Özem hemişe aýalyna “Hüwüm” ýa-da “Garagyýçagym” diýip ýüzlenýär. O-da muny gaty görüp duranok. Çyn adynyň nämedigini bolsa Nuhty Nazaryň özünden başga bilýänem ýok. Bizem bilemizok.
Ýene-de bir bellemeli zat, o-da ol gelin köplenç orsça gepleýär. Üstesine-de iňňän çalt gepleýär. Gahary gelen wagt-a asylam näme diýýänine düşünip bolanokdy. Ýöne göwnese welin türkmençänem hiç kimden kem bilenok. Ikisinem garjap dürüşde-de ediberýär.
...Ine, onsoň günlerde bir gün şol, öwgüli gelniň obada ýaşaýan garyndaşlaryndan toýa çakylyk geldi. Oňa-da haýsydyr bir sebäbe görä özi gidip bilmedi-de, ärini iberermen boldy. Şonuň üçinem agşam sagat ýediden ýigrimi minut işlände:
– Hüwim, hany bir çaý ber, – diýip bosagadan ätlän äriniň goltugyna bir sany gök fabrik halysyny düýrläp dykdy-da gözlerini tegeläp:
– Çaý içip, çepbe çeýnäp oturara wagt ýok, sen häziriň özünde oba gitmeli. Otla ýetişmeli – diýdi. Iýer-içer ýaly zatlardan doly sumkanam eline tutdurdy. Golamta gorsalan üzüm çybygy ýaly garalyp duran inçejik barmagyny diwardaky sagada tarap çommaltdy.
– Häzir-ä sagat alty. Otlam pomoýemy otprawlýaetsýa pol wosmogo. Tak, çto sen öl, ýit welin, ertir gelnaljy ugramanka şu atgulagy şolara gowşur. Bar! Birden wagtynda ýetirmän şo heleýleriň ýanynda masgara edäýseň ot menýa dobra ne ždi. Özümem häziriň özünde jaň ederin, barýandyr, garşylaň diýip. Ertir toýy sowuş, birigünem özüňkilere görün-de soňky gün göni gaýt yzyňa. Soňkusy gün kakamyň doglan günüdir, bile barmasak bolmaz.
Nuhty Nazar derman düwünçegi ýaly kiçijik kellesin iki ýana ýaýkady-da, ýekeje-de söz aýtman düwdenekläp daş çykdy. Çykyşy ýalam bir taksini saklady. Halysyny goltugyna gysyp durşuna yzky gapyna açdy. Aşak eglip kellesini saňňyldatdy.
– Wagzala taşlap bilmezmiň?
Agşamyň ümüş-tamyşlygynda sürüjiniň ýüzi saýgartmasa-da, sesi aýyl-saýyl eşidildi.
– Kyrk-elli ädim bärräginden-ä öwrüljek.
– Özüne eltibilmezmiň?
– Aý, ýok. Pasažirim ba. Muň ugry başga.
Sürüjiniň gapdalynda biriniň garalyp oturanyny Nuhty Nazar şondan soň aňdy. Göz-açyp ýumasy salym daş-töweregine göz aýlady-da, yzky gapydan kürsäp girdi. Halysyny öňüne kese basjak bolup uly basga galyp oturşyna kineli seslendi.
 –Ýeri bolýa-da, sür!
Nuhty Nazaryň taksiden düşen ýeri çak edişindenem sowarak bolup çykdy. Üstesine ullakan tonneldenem geçmeli boldy. Tonneliň ortarasyna ýetiberendenem ýeňse tarapdan güýçli ýagtylyk peýda boldy. Göwnüne ol edil öz üstüne sürnüp gelýän ýaly hyrra yzyna öwrüldi. Çiňerildi. Gözi gamaşyp sögündi. Oňa çenlem goşa ýagtylyk ulyala gürrüldi bolup geldi-de, deňinden geçibräge-de saklandy. Depesi öçüp-ýanyp duran çyraly, sary-ala “Gaz 69” maşyna gözi düşenden Nuhty Nazaryň endamyna sowuklyk aralaşdy. Müýni ýok hem bolsa birhili gorky basdy. Galpyldady. Birdenem: depegenden daşrak diýipdirler, diýdi-de, tonneliň gyrasy bilen egni halyly, eli sumkaly ýegdekläp gaçmaga başlady. Maşynam “waz-z-z” etdi-de, ep-esli öňe gidip saklandy. Tapur-tupur bolşup içinden iküç sany ýaş milissioner çykdy. Nuhty Nazar yzyna tarap ökjäni göterendenem: “Dur!”, “Gaçma!” diýşip gygyryşdylar. Iki ätdirmän yzyndan ýetdiler-de, şapba tutdular. Halysyny elinden gaňryp aldylar. Bulary milissioner eşigine giren talaňçylardyr öýden Nuhty Nazar gyssanjyna:
– Milissiýa! Milissiýa! Kömek ediň! Talaýarlar! – diýip ulyili bilen gygyrdy.
Eýýämhaçan iki golundan tutup maşyna tarap idenekledip ugran milissionerler:
– Ine, milissiýa gapdalyňda. Biz! Näme arzyň bolsa aýdyber - diýşip hüňňürdeşdiler. Iki elinden tutup gapysy açyk duran maşynyň ýanyna eltdiler, dyzlary bilen syrtyna r-ras depibem:
–Mün! - diýşip ýerli-ýerden gygyryşdylar.
 –Näm-aý, öýe barsaň-a oba tarap “marş” diýip gapynyň agzyndan yzyňa kowýalar, köçä çyksaňam maşyna “mün’ diýip syrtyňa depýäler, mundanam bir düzgün bormy-aý - diýip Nuhty Nazar milissionerleriň hersiniň ýüzüne bir bakyp naýynjar dillendi.
– Milissiýalygyňyz çyn bolsa golumy bir goýberiň. Eý wäk, gaňyrmaň! Gaňyrmaň diýýän men size! Soň puşman edersiňiz! Eşitýäňizmi?! Ýaman puşman edersiňiz!
Sürüjiniň gapdalyna münen tos-togalak, tegelek ýüzli, dodaklary böwrek ýaly gabakman ýigit boýnunyň ýogynlygyndan ýaňa zordan yzyna öwrüldi-de, ýagjaryp duran etlek elleriniň arkasy bilen Nuhty Nazaryň eňegine “jalkyldatdy”.
– Hany beýlekisi?
Nuhty Nazar eňegini tutdy. Gözüni ýaşardyp öňküsindenem has naýynjar gepledi.
 – Nämäň beýlekisi?
– Nämäňkidigini görkezerin men saňa, bölüme bir baraly bakaly.
Nuhty Nazaryň golundan tutup oturan ak ýüzli agajetli ýigit aran ýaly barmaklaryny öňküsindenem berk gysdy.
– Hany halyň beýlekisi?
– Bary how şu. Bulam meňki däl...
Öňde oturan ýigit bärsine bakman gürledi.
– Bilýäs seňki däldigini.
Ömründe birinji gezek bolsa gerek, Nuhty Nazar erbet aljyrady.
– Meňki däl diýdigim, meňki däl diýdigim däl-de, neme diýdigim... Aýalymyňky diýdigim... Ýok, aýalymyňkam däl-de... Biz muny... Men muny... Ertir guşluga çenli...
Şol wagtam maşynyň içindäki rassiýa “jagyr-jugur” etdi-de, aňyrdan kimdir biriniň “wajyr-wujury eşidildi. Sürüji trubkany göterdi:
– Birin-ä tapdyk, ýoldaş maýor, ikinjisinem gözleýäs.
Aňyrdan ýene bir iniňi üýşendiriji “jagyrdy” eşidildi, bärkem “ýest” diýdi, şonuň bilenem aragatnaşyk kesildi.
Gabakman ýigit agrassyran bolup oturşyna hälki soragyny ýene-de gaýtalady.
 – Howwa, hany indi muň beýlekisi? Ýa ýadyňa düşenokmy? Ýadyňa salaýynmy? Salmaýynmy?
Ol ýene-de nuhty Nazary urmaga hyýallandy. Nuhty Nazar eli bilen eňegini penalap arkan gaýyşdy. Ürkek at ýaly kellesini ýaýkalady. Janyndan syzdyryp gepledi.
 – Ahow, siz näme hakda gürrüň edýäňiz? Nämäniň gürrüňini edýäňiz? Nähili haly hakda soraýaňyz? Düşündiriň-ä, näm bolupdyr, men näme edipdirin, kimden näme alypdyryn?
Nuhty Nazar bir baksa wokzalyň deňinden geçip barýalar. Ol etegine ot düşen ýaly “zöwwe” ýerinden galdy-da, sesiniň ýetdiginden gygyrmana başlady.
– E-eý, gardaşlar! Gardaşjyklar! Nirä barýaňyz! Duruň! Halymam beriň-de düşüriň meni! Men wagzala barmaly! Otla münmeli! Oba gitmeli... Ertir guşluk bolmanka...
Gapdalynda oturan ýigit golundan tutup bir çekende ony oturgyja çüýledi. Agzyny gulagyna eltip dişini gyjady.
– Ýene bir gezek gymyldadygyň oňurgaňy ýazdyraryn.
Nuhty Nazar birdenkä dogumlanyp başlady.
– Näme-e-e!!!..Oňurgaňy ýazdyraryn?.. Senmi? Meňmi? Sen bar-a!..Sen  bar-a!.. Nädersiň sen ertiriň özünde öz oňurgaň ýazaýsa! Hä? Bir uranymyz geçdi diýip indi urubermelidir öýdýäňizmi bigünä adamy! Ýa jenaýat etdimmi men? Ýa eden jenaýatymy subut etdiňizmi meň? Ýa hossarsyzdyr öýtdüňizmi? Nä hakyňyz bar maňa el galdyrmana? Bilýäňizmi men kim? Bilýäňizmi men kimiň nämesi? Bilýäňizmi men şu halyny nirä alyp barýan!
Ol uçjak guş ýaly galkyjaklap ugrady.
– Bilýäňizmi siz şumat kimiň göwnüne degip oturandygyňyzy?!..
Bular ýaly haýbatly gürrüňleri her ädimde eşdip ýörmänlerindenmi ýa hakykatdanam ätiýaç etdilermi, milissionerler şondan soň Nuhty Nazara kän bir azar bermediler. Ýöne göni bölüme äkitmediler-de şo-ol, ondan-oňa aýladylar ýördüler. Bir ýerlere girdiler, çykdylar, awtomatdan jaň etdiler, özleri ýaly maşynly aýlanyşyp ýören milissionerler sataýşaýsa dag-a ep-esli gürleşip durdular, soň ýene-de aýrylyşdylar.
Käwagtam öňküleri ýaly rasiýa arkaly bölüm bilen gepleşdiler. “Gözleýäs”, “öňki-öňkülik” diýen ýaly sorag-jogaplar alyşdylar. Bir ýerde üsti bidondan doly maşyny saklap içindäkiler bilen ep-esli gürleşdiler. Ahyram bir bidonlaryny alyp galdylar-da goýberdiler. Barmaklary bilen bidonyň gyrasyny ýalap oturyşlaryna “maýski-de-maýskiý” boluşdylar. Gapdallarynda ýat adamyň oturandygynam unudyp, çen bilen hersine näçe kilodan düşjekdigini hasapladylar. Başga bir ýeňil maşynyň sürüjisine yrsarap, adama ýigrimi bäş manatdan pul aldylar. Ýene-de bölüme jaň edip: “gözleýäs, tapamyzok” diýdiler.
Ahyram bir çolarak ýerde durup garbanmakçy boldular. Ozaldanam jany ýanyp duran Nuhty Nazar olaryň bu bolup ýörüşlerine hasam kejikdi.
– Ahow, nirä eltjek bolsaňyzam eltiň-de dynyň meni bir ýere. Beýtmäň-ä. Aç men. Işden çykybam duz datman gaýtdym.
Emma olar muňa “diýýärmisiňem” diýmediler-de hersi bir ýerden dolanan somsamy, çişlikmi, birgiden köçede satylýan iýmitlerden kagyza çykaryşdyryp, sürüji bilen öňde oturanyň aralygynda goýdular.
Sürüji oturgyjyň aşagyna elini sokup bir çüýşe arak çykardy.
– Ýelmiýäňizmi?
– Ýelmäliň, ýelmäliň.
Adama bir gezek ýelmäp-ýelmemänkälerem “ýelimleri” gutardy. Gulaklary gyzan pyýadalar ýene-de töwereklerine garanjaklaşyp başladylar. “Pylanyňkyda-ha bardyr” diýşip, birki sany ýeriň adyny agzadylar.
Olaryň indem arak gözläp kaňkajakdyklaryna gözi ýeten Nuhty Nazar sumkasyny sermendi. Onuň özlerine tarap bir çüýşe aragy uzadyp oturandygyny gören “azarly” pyýadalaryň barysy birden ala-goh boluşdylar.
– Beh, magazzyn-a ýanymyzda ekeni-how!
– Maladis-aý, bi...
– Gowy adam ýaly-la how, biziň munymyz.
– Wah, zeýrendem-le görgüli men gowudyryn diýip.
Nuhty Nazar aýalynyň ýolda iýip-içersiň diýip sumkasyna salyp goýberen beýleki zatlarydanam çykaryp ortada goýdy.
– Ine, meň agşamlygym şü. Işden gelşim ýaly garbanmaga-da howlugyp gaýdyşymdy. Ýolda otlyň üstünde iýip-içmelidim. Indem näme, otl-a gidendir, toýa-da barybir ýetişmen. Işdämem köýdi. Siziň nesibäňiz ekeni, iýiň noş bolsun.
Gabakman ýigit ýüzüni ýerden galdyrman Nuhty Nazaryň öz aragyndan özüne ýarym stakan uzatdy. Nuhty Nazar içmedi.
– Içjek däl. Içsem onsoň siz başga bahana tapman, içgili ekeni, şoň üçin tutduk diýersiňiz.
– Beh, syýasatdanam başy çykýan ekeni-how, muň - diýip, arak içensoň birneme dili açylan sürüji başardygyndan sypaýy gürlemäge çalyşdy.
– Ýa ýokary bilimli dagymysyň?
Nuhty Nazar oňa tarap eňegini çürreltdi.
 – Onda-da aňry ýany bilen. Häzirem ylym bilen iş salşyp ýörün. Özümem şu ýerli. Şähernoý. Tanşymyňam sanasaň sogaby bar. Ýaňam men size ýöne ýerden haýbat atamok. Çynymy aýtdym. Size nebsim agyryp aýtdym. Meň üçin indi sizi ymgyr heläk ederler. Iň bärkisi gaýnymyň kimdigini aýdaýynmy?
Olar indi iň bolmanda beren aragynyň, çöreginiň hatyrasyna ony diňlemeli boldular. Şonuň üçinem, aşak bakyp sümrüşip oturyşlaryna burunlaryna salyp hoňňuldaşdylar.
– Aýt, aýt...
Beýle arzyly gaýnyň kimdigini bilenlerinden soň welin olaryň barsynyň süňňüne sowuklyk aralaşdy. Hereketlerinde gowuşgynsyzlyk emele geldi. Darajyk maşynyň içinde käte bir turýan hälkije goh-galmagallar gaýdyp gaýtalanmady. Aragyňam, çöregiňem mazasy gaçdy. Henizem Nuhty Nazaryň goluny gysyp oturan ak ýüzli ýigidiň barmaklary öz-özünden gowşady. Nuhty Nazaryň tumşygyna kakan ýigit hasam kyn güne galdy. Ol esli mahal aşak bakyp, dişini synçgap oturdy-oturdy-da gabagyny galdyrman sorag berdi.
– Nirä barýadym diýdiň sen ýaňy?
Nuhty Nazar heşelle kakjak wagty ýa gahary gelende edýän endigine görä gözlerini süzüp eňeginiň ujuny gürrüňdeşine tarap gönükdirdi.
–Oba.
 – Keýpinemi?
 –Toýa barýadym. Ertir gün guşluk bolmanka-da şu halyny toý eýesine gowşurmalydym.
 –Atgulakmy?
 –Howwa.
Gabakman ýigit çep gözüniň gytagyny örän kynlyk bilen Nuhty Nazara tarap aýlady.
 –Çynyňmy özi?
–Näme ol?
 –Toýa barýanyň, halyň özüňkiligi...
– Weý, çynym bolmasa barlap göräýiň.
– Kim subut edibiljek ony?
– Aýalym subut edibiljek.
 –Öz aýalyňmy?
 –Iliňki bilen nämişim ba meň.
Gabakman ýigit ýene bir salym böwrüni diňläp oturdy-da, täzeden sorag berdi.
 –Ýaňky diýeniňem dogrumy onsoň?
– Haýsy diýenim?
 –Gaýynym neme diýeniň.
– Dogrudygyny däldigini ertir gün guşluga galandan soň bilersiňiz.
Gabakman ýigidiň sesi diýseň tukat çykdy.
 –Onda başda aýdaýmaly ekeniň-dä.
– Sizem başda şu soraýşyňyz ýaly soraýmaly ekeiniňiz-dä, adam şekilli. Gep ýok, gürrüň ýok, geçip barýan adamy tapyr-tupur tutýaňyz, goluny gaňrybam basýaňyz maşyna.
– Özüňden-dä, gaçdyň-da, bizi görenden.
 –Gaçmaz ýalymy bolup gelşiňiz.
– Onda nämüçin milissiýa diýip gygyrdyň?
 –Sizi talaňçydyr öýtdüm.
 –Ýeri bolýa. Dokumendiň bamy?
– Bar.
Gabakman ýigit bir oturyşyny bozman Nuhty Nazara tarap aýasyny serdi.
– Hany al, göreli.
Gördi. Kabinanyň içki çyrasyny ýakyp bloknodyna bir zatlar belleşdirdi. Soň dokumendi eýesine gaýdyp berdi.
– Aýalyň görse tanarmy?
– Menimi?
 –Ýok how, halyny.
 –Näme tanaman. Ýap-ýaňy şuny elime tutduryp goýberen şoň öz-ä. Toý edýänem şoň garyndaşy. Kakasynyň doganoglany. Olar ýaly ýeriň çagasynyň nähili ynjyk bolýanynam özüňiz bilýäňiz. Şoň üçinem men-ä indi ol öýe barybilmen. Gowusy siz meni äkidiň-de gelnimiň gahary ýatyşýança bölümiňizde saklaň bäş-üç gün. Soňam gelip özi alyp gitsin.
Gabakman ýigit goltugyna ýandak gysdyrylan ýaly gollaryny galgadyp ugrady.
 –Ýo-o-ok, ýo-ok, ol bolmaz. Bigünä adamy biz bölümde bir günem saklabilmeris.
Nuhty Nazar bilgeşländen olaryň üstlerine süründi.
 –Öňürti özümi bir ýygnaň, günämem näme, soň assa-ýuwaş boýnuma goýar ýörersiňiz-dä...
 –Ýok, halypa, biz seniň o diýeniňi-hä asylam edibilmeris. Ýöne, mundan soň: bar gidiber, diýýäge-de goýberibem bilmeris. Sebäbi ýaňy özüň gördüň, bölüme habar etdik, hasaba girizdik... Şoň üçinem häzir öýüňejik gideli, halyny aýalyňa görkezeli, tanasa hem-ä biz arkaýyn borus, hemem özüň arkaýyn borsuň. Başlygymyza-da şeýle-şeýle ýalňyşlyk boldy - diýip aýdarys, düşündireris, soň gorjap ýörmezleri ýaly. Umuman bular ýaly ýalňyşlyk häli-şindi bolup duran zat...
Nuhty Nazar arkan gaýyşdy. Kellesini ýaýkap, agzyny-burnuny towlady. Ellerini howada galgatdy.
 – Aýalyma düşündirmeseňiz, meň üçin ministre düşündireniňizdenem peýda ýok.
 –Oňa-da düşündireris. Äriňe azar berme, o günäkär däl, günä bizde diýeris...
Nuhty Nazar irkiljiräp oturan sürüjiniň çigninden penjeläninem bilmän galdy.
 – Sür, olar ýaly bolsa! Men taýýar!..
...Dördünji mertebä galansoňlar Nuhty Nazar halysyny egninden düşürdi-de, eliniň tersi bilen derini çaldy. Ýüzüne gara gaýyş tutulan gapa tarap eňegini ülňedi. Gabakman ýigit jaňy basdy. Içerden ilk-ä gap-çanagyň şakyrdysy, soňam aýal adamyň gaharly sesi eşidildi.
 – Kto tam?!
Göwnüne müňkürlik giden gabakman ýigit Nuhty Nazaryň ýüzüne howatyrly seretdi.
 – Aýalyň ors ýaly-la, how seň?
 – Aý, kimdigini ine, gapy açylansoň bilersiň.
Oňa çenlem sorag gaýtalandy.
 – Ýa spraşiwaýo kto tam?!
Agajetli ýigit ol ikisiniň üstaşyry gapa tarap boýnuny süýndürdi.
– Milissiýa!
 – Bože moý, çto ýeşşo za milissiýa - diýlen howsalaly sözden soň şakur-şukur gapy açyldy.
Gara yçýan ýaly jaýtarylyp duran gelniň okara ýaly ullakan, göm-gök gözlerine, ol gözleriň üstüne saýa salyp duran gür gara gaşlaryna, jüýk burnuna, öňe çykyp duran kempije eňegine gözleri düşenden milisionerleriň ikisiniňem imany göçdi. Ikisinem şagga der basdy. Edil komanda berlen ýaly birden yza tesdiler. Nuhty Nazar olaryň öňüni gabsady. Elini içerik uzatdy.
– Giriň!..
Olar içeri girensoňlar Nuhty Nazar gahardan ýaňa titräp duran aýalynyň alkymyna dykyldy-da, agzyny gulagyna golaýlatdy.
– Myhmanlaryň habaryny al, Hüwim!
Ýüzüni eňşedip duran Garagyýçak ellerini silkip diýseň ýangynly gepledi.
 – Myhmanmy bularyň ýa başga bir zatmy? Onsoňam hany seniň oba gideniň? Hany toý? Hany atgulagy gowşuranyň? Bu nä boluş bi? Nämäniň myhmançylygy bi? Näm boldy? Nebela gopdy? Çto sluçilos? Poçemu molçiş? A nu-ka, otweçaý şşas že!
Ol birdenem gabaryldy-da, öýe gireli bäri ýaýdanyşyp duran milissionerlere tarap ýörüş etdi.
– Možet wy obýasnite mne çto sluçilos?..
Özleriniň hakykatdanam ýalňyşandyklaryna doly göz ýetiren milisionerleriň ikisi iki ýerden gürläp başladylar.
– Ýeňňe! Adamyňyz günäkär däl. Biz günäkär. Biz muny bir ýalňyzlyk bilen sakladyk-da... Bulam... Bizem... Otlam... Düşünişmezlik bilen... Ine indem...
Garagyýçak indi olaryň üstüne öňküsindenem beter süründi.
– O nähili ýalňyşlyk? O nähili düşünişmezlik? Wy možete mne obýasnit tolkom çto sluçilos?
Gabakman ýigit ölsem-öleýine salyp bir daban öňe süýşdi.
– Menem şony aýtjak bolup durun-da ýeňňe. Bilýäňizmi näme, şu gün giç öýlän bir ýerde ogurlyk boldy-da, onda-da iki sany haly ogurlanypmy, nämemi... Ine onsoň bize-de buýruk boldy padazrywaýemyý adam bolsa saklamaly diýip... Çykyşymyz ýalam siziň adamyňyz gabat geldi. Özem garaňky ýer, tüneliň içi... Bizi görendenem gaçyp başlady. Egnindäki halam edil şol, bize salgy berlen hala meňzäp dur. Bizem onsoň... Ýöne soň düşünişdik. Ötünjem soradyk. Sizdenem soraýas. Asyl şu ýere gelenimizde-de şonuň üçin geldik. Bagyşlaň!
Ol gireli bäri çep elinde saklap duran papagyny kellesine geýdi-de, iki aýagyny jüpläp dim-dik boldy. Sag eliniň barmaklaryny gaşyna golaýlatdy.
– Gaýtmana rugsat ediň, ýoldaş ýeňňe!..
Ol ökjesiniň üstünde ýüz segsen gradus pyrlandy-da, gapa tarap ýöneldi. Ýüzugra Nuhty Nazar bilenem hoşlaşdy. Ýene bir gezek ötünjem sorady. Gapynyň tutawajyna elini ýetirendenem ýeňseden Garagyýçagyň çirkin sesi eşidildi.
– A nuka, wernis! Wernis şşas že! Ýa komu goworýu!
Gabakman ýigit ýyldyrym çaltlygynda yzyna öwrüldi. Dodagyny titredip durşuna papagyny ýeňseräk süýşürip maňlaýynyň derini süpürdi. Gözlerini gypyrjykladyp buýruga garaşdy.
Garagyýçak kesew ýaly aýaklary bilen gybyrdyklap bardy-da, milisioneriň daşyndan pyrlanmaga başlady.
– Aha-a-a!.. Gaýdyberjekmidiňiz?! Ötägitjekmidiňiz?! Şeýdäýjekmidiňiz?! Bilmezlikden ýalňyşaýypmysyňyz?! Iş wagty burnuňyzdan gelinçä içip, bir bendäni ýolundan goýup, garyndaş öňünde dili gysga edip, indem siz-ä arkaýyn gidibermeli, bizem sizi bagyşlamaly. Şeýlemi?
Garagyýçak telefona tarap ýumlukdy. Trubkany göterip gözlerini gabakmana dikdi.
– Haýsy raýonyň belasy siz? Hä? A nu, otweçaýte bystro, kto iz was starşiý?!
Gabakman ýigit ylgap baryp ryçagy basdy.
– Duruň-a düşünşeliň-ä... Ine, men starşiý. Özümem günäkär. Günämizem boýnumyza alýas. Ötünjem soraýas. Ýaňam soradyk, ýene-de bir gezek soraýas. Hut şoň üçinem biz şu ýere geldik.
– Şeýlemi? Etjegiňizi edip indem ötünç soraýaňyzmy? Biz indi şoň üçin size minnetdar bolmalymy? Siziň edeniňiz geçip durmalymy? Ras, ýalňyşdyňyzmy, jezaňyzam çekiň! Il çekýä, sizem çekiň!
Garagyýçak törki tama gidip kagyz-galam alyp geldi-de, burçda duran goňur diwana tarap barmagyny uzatdy.
– Oturyň ikiňem hoň üstüne geçiňde. Men häzir protokol ýazjak. Bu zatlary resmileşdirmesem bolmaz.
Ol stoluň başyna geçdi. Jaýlaşdy. Ärinem çat maňlaýynda oturtdy-da, oňa-da bir tagta kagyz bilen ruçka berdi.
– Ýaz!
Nuhty Nazar gözlerini süzüp eňegini aýalyna bakan çürreltdi.
 – Näme ýazaýyn?
– Düşündiriş ýaz! Nämüçin tutdular, nädip tutdular, näme diýdiler, nähili hereketler etdiler, urdularmy, sökdülermi, barsyny ýaz, gapdalyna çatjak.
Nuhty Nazar dili bilen dodaklaryny ýalap dylym-dylym etdi.
– Ýolda bir uly maşyndan bir piläk ary bal, başga bir maşyndanam ýetmiş bäş manat pul aldylar, onam ýazaýynmy ýa o hökman dälmi?
Garagyýçak bir elini dik ýokary galdyrdy.
 – Buw-w-w, olar ýaly zady dagy perwyý oçered ýaz!
Şondan soň ol çugutdyryşyp oturan milisionerleriň ekabyryna tarap barmagyny çommaltdy.
– Naçnýom s was. Kak waşa familýa?
Garagyýçak protokol ýazyp otyrka-da hüňürdisini goýmady.
– Tapdyňyz bu taýda oýnajak adamyňyzy. Sada oglan, tutarys, urarys, sögeris, gorkuzarys, ýalan ýerden günäsini boýnuna goýubam ýolbaşçylarymyzyň ýanynda iş bitiren adam borus, goýbermeli bolaýsa-da kime arz etsin, sag-aman sypanna müňde-bir şükür eder, diýip göwün ýüwürden aga diýerler size. Siziň baryňyz şolar ýaly. Siziň baryňyzyň pikiriňiz bir. Beled-ä men size. Sizmi... Siz gorkmasaňyz sylamaýaňyz.
Milisionerler ondan protokol ýazmazlygy köp haýyşt etdiler. Tä, ýazyp bolýança ýalbardylar. Ýazyp bolandan soňam ýalbardylar. Diňe, her edip- hesip edip ertir guşluga çenli şol atgulagy obalaryna eltip, toý eýelerine elinjek gowşurmagy boýunlaryna alyp, dillerinden dil haty berenlerinden soň Garagyýçak ýazan protokolyny ýyrtmaklyga razy boldy. Ýöne, tä, garyndaşlary atgulagy alandyklary barada telefon ýa telegraf arkaly habar edýänçäler ony öz güýjünde saklajakdygyny we bellenen möhlete çenli beren sözlerinde tapylmasalar üstüne öz ýazan dil hatlaryn we äriniň düşündirşini goşup, ýanynyň arzasy bilen degişli edaranyň iň uly ketdesine tabşyrjakdygyny berk duýdurdy. Olar ikelläp razylaşdylar. Uludan sowuk demlerini alşybam çykyp gitdiler.
...Gije başga bir otly bilen gitdilermi, daňdan samolýotly uçdularmy ýa ýörüte maşyn tutup daňdana çenli ýol ýöredilermi, o belli däl, ýöne şol atgulagyň gelinalyjy ugramazyndan sagat ýarym öň özlerine gowşandygyny toý eýeleri ertesi günortanyň öň ýany jaň edip habar berdiler.
Elbetde, Nuhty Nazar şol gije “gaýnym” diýip milisionerlere gaýynyndanam has tanymal, düýbünden başga bir adamyň adyny aýdypdy.

Juma Hudaýguly.

Nuhty Nazar / kökenli hekaýatlar - böleginden.

Edebiýat, Nol tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir