Jennetiň beýany

Jennet – Allanyň ahyretde müminlere dünýäde iman edip, salyh amal işländikleri üçin öz lutfundan peşgeş beren sagadat diýarynyň adydyr. Jennet arap dilinde ”jenne” kökünden ýasalan we ”örtülen, gizlenen” diýmekligi aňladýan söz bolup, göz bilen görüp bolmaýandygy üçin oňa bu at berlipdir. Garaňky düşmegi bilen daş-töweregiň saýgaryp bolmajak tümlüge bürenendigini aňlatmak üçin hem şol bir kökden bolan ”jenne” işligi ulanylýar. Göz bilen görüp bolmaýan we edil biz ýaly erkli barlyga ”jyn”, akyly örtüleni üçin dälä ”mejnun”, göwüs kapasasynda gizleneni üçin ýürege ”jinan”, ene garnyndaky çaga gizlin bolany üçin ”jenin” diýlip, bularyň hemmesem şol bir kökden emele gelýär. Dilçi alymlaryň bir topary ”jennet” sözüniň ”ösümlikdir agaçlary bilen topragy örtýän bag, bol şahalary hem-de ýaşyl ýapraklary bilen ýere saýa salýan baglyk” diýmekligi aňladýandygyny nygtasa, beýleki topary bu sözüň has atdygyny öňe sürýär.

Jennet bu dünýä synagdan geçirilmek üçin iberilen ynsanlaryň we jynlaryň kyýamat gopup, ähli amallar mizan terezisinde çekilenden soňra, olaryň aralaryndan bu dünýädekä Allatagala, ahyret gününe we Allanyň ilçileriniň üsti bilen ugradan aýatlarynyň ählisine ynanan, elinden geldiginden Alla gulluk we tagat-ybadat eden takwa, zahyd we päk kişileriň girmeli ebedi bagtyýarlyk we sagadat ýurdudyr. Pars dilinde ”jennet” sözüniň köplügi ”jinan” we ”jennatdyr.”

Biz üçin Jennet gaýyp halatdadyr. Çünki biz ony bu dünýäde görüp bilemzok. Biz ol hakda Kuran we hadysda aýdylýanlardan başga hiç zat bilmeýäris. Bu babatda bize aýdylana ynanmak we ony bolşy ýaly kabul etmek galýar. Gaýyba degişli syr bolany üçin oňa akyl ýetirjek bolmak, ol hakda pikir aýtmak, karar bermek hökman däl. Galyberse-de, Kuranda we hadyslarda bizi kanagatlandyrjak mukdarda maglumat bar ahyryn. Biz Kuranyň we hadyslaryň saýasynda Jennetiň düýp esasy, ýaradylmagynyň hikmeti, gatlaklary, nygmatlary, jennetlik kişileriň häsiýeti, olaryň Jennetdäki ahwallary, Allanyň jemalyny görmek we Jennetiň ebediligi ýaly ençeme temada geregiçe maglumat edinip bilýäris. Jennetiň bardygy ikuçsyzdyr. Bu babatda hiç hili şek-şübhe ýokdur we onuň bardygyna ynanmak musulman bolmagyň bir şertidir. Jennetiň bardygy hakynda ylahy kitabymyz Kuranda we bir topar hadysda kesgitli maglumatlar bardyr.

Jennetiň ýaradylandygyna we bardygyna şu aýatlar güwä geçýär:

1) ”Iman edip, makul görülýän we ýagşy iş edýänleri buşla: Olara içinden derýalar akýan Jennetler bardyr. Olar şeýle jennetlerdir, ýagny, haçan-da miwelerinden özlerine hödür edilende: ”Bu öňem dünýäde iýen zadymyz!” diýjekdirler. Emma bu olaryň edil özi bolman, olara meňzedilip hödürlenjekdir. Ol ýerde olaryň päkize ýan-ýoldaşlary-da boljakdyr we olar ol ýerde müdimilik galjakdyrlar.”.

2) ”Rabbyňyz tarapyndan magfyrete, giňligi asman bilen ýeriň arasy ýaly bolan we muttakylar üçin taýynlanan Jennete bakan aýagaldygyna ylgaň!” (Aly-Ymran, 3/133).

3) ”Rabbyňyz tarapyndan ediljek magfyrete we Jennete girmek üçin ýaryşyň! Ol şeýle bir Jennetdir, ýagny ini asman bilen ýeriň ini ýaly bolup, Alla we Onuň Resulyna iman edenler üçin taýynlanandyr. Ine, bu Allanyň islän kişilerine bolan lutfudyr. Alla beýik lutfuň eýesidir.” (Hadid, 57/21).

Jennet ahyrete ynanýan her bir kişiniň jandan isleýän baýrak hökmündäki ýurdudyr. Hawa, ynsanyň gaýyplarda başlaýan syýahaty ”Ene garny”, ”Dünýädaki durmuş”, ”Gabyr” ýaly basgançaklardan geçer we ýene-de gaýyplara tarap dowam eder we iň soňunda Jennet bilen sylaglanyp ýa-da Jähennem bilen jezalandyrylyp soňlanar. Emma şu bir hakykatdyr, ýagny Jennete düşmek aňsat däl, Jähennem hem bihuda ýaradylmandyr. Islendik gözel we gymmatbaha zadyň bahasy hem gymmat bolýar. Edil şonuň ýaly-da, Beýik Ýaradan peşgeş hökmünde öz gullaryna berjek Jenneti üçin hem bizden bir zatlar isleýär. Aslynda bu islenilýän zatlar Jennetiň bahasyna doly ýetmeýändigi üçin Jennet ýene-de Allanyň lutfy bolmagyna galýar. Emma bu islenilýän zatlar jennetlik ynsanlarda bolaýmaly häsiýetlerdir we olar göýä, gönezlik hökmündedir. Hawa, Allanyň islän we bildiren käbir ynsanlaryndan, pygamberlerinden, ”Aşereýi-mübeşşereden”1 we şehitlerden başga hiç kimiň Jennete düşjekdigi doly belli däl. Yslam dininde hristiýan we ýahudylaryň ynanjy ýaly, amallar mizan terezisinde çekilmän, göni Jennete girmek diýlen düşünje ýok.

Şol sebäpli-de, Alla ynanýan hemme kişi Onuň razylygyny gazanmak, Allanyň jemalyny görmek ýaly beýik nygmatlar bilen bir hatarda Jenneti hem gazanmak üçin bir ömür zähmet çekýär, der dökýär, goýberen hatalaryny düzedýär we Jennete girmäge mynasyp derejä ýetmegi maksat edinýär. Hatda Älemleriň Serweri (s.a.w) hiç kimiň öz amaly bilen Jennete düşüp bilmejekdigini aýdanda, egindeşleri: ”Sizemmi eý, Allanyň Resuly?” diýip soraýarlar. Şonda Ol (s.a.w): ”Hawa, menem. Ýöne Rabbym meni magfyret we rahmeti bilen gurşap alsa, onda başgaça” diýýär. Diýmek, öz amalyň bilen Jennete düşüp bolmaýandygyny hemme kişi bilmelidir. Mümin dileýän, dilenýän, isleýän, el açyp ýalbarýan, ejiz, garyp we sadyk bir bende hökmünde Rabbynyň dergähine hemişe ýüz tutmalydyr.

Şunça kişi tarapyndan uly höwes bilen islenilýän Jennet biziň üçin gaýyp hökmündedir. Ony söýgüli Pygamberimizden (s.a.w) başga ne gören, ne girip gezip gören, ne-de gelip habar beren bar. Bize Jennet hakynda diňe Haktagala Kuranynda, Allanyň Resuly-da Magraç mugjyzasy wagtynda gezip gören zatlaryny hadyslarynda habar berýär. Biziň üçin gaýyp hökmündäki Jennet şularyň netijesinde belli bir derejede aýdyňlaşýar. Ýöne şu-da bar, ýagny, bu maglumatlar bizde ylmel-ýakyndan2 aňry geçip bilmeýär. Sebäbi Jennet hakda birnäçe beýan bar hem bolsa, biziň edinen bu maglumatlarymyz asla hakykysyna akyl ýetirmege ýetmeýär. Biz oňa diňe haçan-da o dünýäde ony görenimizde akyl ýetirip bileris.

Şeýle-de ýene-de bir möhüm zady nygtap geçmeli, olam esasy zat Allanyň razylygydyr. Ol Özi (jelle jelaluhu) razy bolansoň, bizleri-de razy eder. Birentek alymlar diňe Jennetiň islenmegini, oturanda-turanda şol ýere düşmegiň arzuw edilmegini känbir makullamaýarlar we bu hili ynsanlara ”Jennetiň guly” diýmegi aňladýan ”abdul-Jennet” lakamyny dakypdyrlar. Ýagny, bir tarapdan, ähli haýyr işleriň, ybadatlaryň Jennete düşmek maksadyna gönükdirilmegini oňlamandyrlar. Olar beýle diýmek bilen, elbetde, ”Jenneti asla islemeli däl” diýjek bolanok. Çünki Allanyň Resuly Jenneti islemegiň mümkindigini ýörite aýdypdyr. Ýöne diýiljek bolunýan zat şu: biziň baş maksadymyz Allanyň razylygyny gazanmak bolmalydyr. Onuň (jelle jelaluhu) razylygy hemme zatdan ýokarda durýar.

Edil şu mysalda bolşy ýaly: Bir gün Harun Reşid halyfa wagty hökümet işgärlerini ýanyna çagyrýar we ”Bu gün menden näme isleseňiz isläň” diýýär. Çagyrylanlaryň arasynda ”Hakyň dosty” Behlul Dana hezretleri hem bar eken. Her kim bir zat isleýär. Olaryň biri häkim bolmagy, biri gymmatbaa mülk, biri soltanyň atyny, biri baýlyk ... isleýär. Nobat Behlul Dana gelende, ol: ”Seni isleýän, alyjenabym” diýýär. Harun Reşid: ”Başgarak zat dile, mal-mülke degişli zatlar islejek dälmi? Seret, her kim bir zat isleýär” diýýär. Behlul: ”Alyjenabym, Siz meniňki bolansoň, siziň söýgüňiz meňki bolansoň, asylam, hemmesi meňki bolýar ahyry” diýip jogap berýär. Hakyň dosty Ýunusyň pikirlerine-de, diňe şu nukdaýnazar bilen serdeniňde anyk göz ýetirmek mümkin. Ol umman ýaly giň göwnünden syzdyryp:

”Jennet Jennet diýýänleri,
Sanagly köşk, sanagly hüýr,
Isläne ber Sen olary,
Maňa Seni gerek, Seni” –
diýýär.

Şeýle bolsa-da, hiç wagt Jennete we onuň içindäkilere göwnüýetmezçilik etmek bolmaz. Bu goşguda esasy maksady ýatdan çykarmazlyk ündelýär.

Adamoglunyň Alla iman edip, Oňa mäkäm baglanmagynda onuň ahyrete, Jennete iman etmeginiň diýseň uly ähmiýeti bardyr. Ol munuň saýasynda özüni iň köp gaýga batyrýan ”ýok bolup gitmek” diýlen duýgudan halas bolar hem-de özüne soňlanmajak ebedi bir sagadatyň garaşýandygyny umyt edip gezer. Bu umydyň saýasynda Ýasyr maşgalasy (radyýallahu anhum) ölüme tarap gorkman okdurylylypdyr, Musab bin Umeýr (r.a) gassabyň elinde dogralýan ýaly dogralmaga mertlerçe döz gelipdir, hezreti Talha (r.a) atylýan oka elini galkan edipdir, Halid bin Zeýd (Ebu Eýýup el-Ensary) ýaşynyň gojalandygyna garamazdan, atly Stambula çenli gelipdir. Alp Arslan, göýä diýersiň, kepen donuny geýip Romen Diýogen bilen gapma-garşy göreşipdir. Osman Gazy tekfurlar bilen aldym-berdimli söweş alyp barypdyr. Fatyh Soltan Mehmet (jaýy Jennet bolsun) goşuny bilen Stambuly eýeleýär. Ýowuz we Kanuny, agalyk edip, keýpi-sapa döwran sürmek mümkinçiligi barka, ömürlerini at üstünde geçiripdirler. Ymamy-Newewi bir wagtyna naharlanmagy, onam bir azrak süýt bilen edinmegi ýeg görüpdir, galan wagty ylym bilen meşgullanypdyr. Muhammet Ibn-i Münkedi, Ýahýa Ibn-i Said el-Kattan we Eswed bin Ýezid en-Nehai kimin ýene ençeme ägirtler hak we hakykatyň ugrunda sil kimin göz ýaş döküpdirler, tutuş ömrüni aglap diýen ýaly geçiripdirler.

Jennet Allanyň hezzet-hormaty, yhsany bolany sebäpli uly ähmiýete eýedir. Haktagala entäk bu dünýädekäk ol ýeri ýürekden göresimiziň gelmegini, ol ýere näme edende girip biljekdigimizi, ol ýere girmäge hukuk gazanmagymyzy göz öňünde tutup, ol ýerler hakynda gymmatly maglumatlary aýan edipdir.

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir