Güýçli iman

Olar ilki bilen hökman ynanmaly zatlara hiç ikirjiňlenmän iman getirdiler.

Haktagalanyň bardygyna we Onuň ýeke-täkdigine;

– deňi-taýynyň ýokdugyna;

– hiç hili ýere we wagta bagly däldigine;

– Uluhyýet (Taňrylyk sypaty) we Rububiýet (dolandyryjylyk sypaty) babatda deňsiz-taýsyzdygyna;

– kämil sypatlaryň eýesidigine;

– nogsan sypatlardan uzakdygyna;

– Onuň bardygyna, öz barlygynyň özündendigine, beýleki barlyklaryň barlygynyň bolsa, Onuň barlygyna baglydygyna;

– Onuň ezelidigine, hiç zadyň ýok wagtam Onuň bolandygyna;

– Onuň soňunyň ýokdugyna, hemme zadyň belli bir ömri bolsa-da, Onuň ebedidigine, ebediliginiň özündendigine;

– Onuň ýeke-täkdigine, hemme zadynyň hem ýeke-täkdigine;

– ýaradylan zatlaryň hiç birine meňzemeýändigine;

– ýaşaýandygyna we ömür berýändigine;

– ylmynyň bolan we boljak ähli zady gurşaýandygyna;

– ähli zady – uly topbak ýyldyzlaryň hereket edende çykarýan seslerinden tä göz bilen görüp bolmajak derejedäki kiçijik mikroplaryň çykarýan seslerine çenli – iň ajaýyp görnüşde eşidip dolandyrýandygyna;

– ähli zady – hatda, gijäniň tümlüginde gap-gara daşyň üstündäki garynjany hem – görüp, onuň hajatyny bitirýändigine;

– ähli zadyň Ol (jelle jelaluhu) islänsoň bolýandygyna, Ol islemese hiç zadyň amala aşmajakdygyna, hatda bolmadyk wakanyň hem Onuň bolmagyny islemänsoň bolmaýandygyna;

– ähli zada güýç-eradasynyň ýetýändigine, hiç bir zadyň Ony (jelle jelaluhu) asgyn düşürmejekdigine;

– özüne mahsus bolan häsiýetde gepleýändigine, emma geplände biziňki ýaly, howadyr ses bogunlaryna hajat duýmaýandygyna, kelamyna iň oňat mysalyň Kurandygyna;

– ähli zady Onuň ýaradandygyna, ähli zadyň Onuň ýaratmagy bilen emele gelendigine;

– rahmetiniň ähli zady gurşap alýandygyna we merhemetiniň gazabyndan öňdedigine;

– hiç kime zulum etmeýändigine, her işinde bir hikmet bardygyna ynanmak gerek.

– Onuň bizden başga-da ýaradan, Özüniň buýrugyndan asla çykmaýan, gurluşy nurdan bolan, wezipesi Allanyň buýruklaryny takyk ýerine ýetirmek bolan perişdelerine-de iman getirmek zerurdyr. Mundan başga-da, Onuň ýene şol işleri etmäge borçly mahluklary bolan jynlaryň we päli azan Iblisiň bardygyna ynanmak gerek.

– Onuň ynsanlara ýüzlenme hökmünde inderen we iki dünýäniň sagadatyna sebäp boljak kitaplarynyň, Töwrat, Zebur, Injil ýaly hakykatlaryň asyl nusgasyna we ylahy kitaba – Kurana iman getirmek gerek.

– Bu ýüzlenmäni ynsanlara ýetirmek üçin, Haktagala tarapyndan saýlanan, günäsiz, amanata asla hyýanat etmedik, öz ýaşan döwründäki ynsanlaryň danasy, juda çylşyrymly meseleleri hem edil çaý içesi salymda çözmegi başarýan parasatly, asla ýalan sözlemedik, dogruçyl, özüne bildirilen habarlary ynsanlara düşündiren hezreti Adamdan (a.s.) Älemleriň Serwerine (s.a.w) çenli ýaşap geçen pygamberleriň ählisine we olaryň getirenlerine ynanmak hem gaty möhümdir.

– Täleýiň Onuň ylmy esasynda, ylmynyň şöhlelenmesi hökmünde ýazylandygyna, haýyr-şer – ählisini Onuň ýaradandygyna, ýöne Onuň haýra razy bolup, şere asla razy däldigine; şonuň üçinem haýyr isläp, ýagşy işleriň gözleginde gezseň, Onuň hem seni şol haýyrly işlere ýeňillik bilen ýetirjekdigine; munuň tersine, şer isläp, şer iş etmegi ýüregiňe düwseň, şer işlere aňsatlyk bilen ýetirjekdigine; bu ikisinden birini saýlamak üçin ynsana belli bir derejede erk berendigine; şeýtmek bilen adamy bu dünýäde synagdan geçirýändigine-de iman getirmek hökmandyr.

– Soňunda bolsa, bu synag dünýäsiniň ahyr bolup, täp-täze we soňsuz bir durmuşyň başlajakdygyna; ölüm bilen ähli zadyň tamamlanmaýandygyna; ondan soň gabryň, kyýamat gününiň, hasabyň, mizan terezisiniň, Syratyň we Jennetiň ýa-da Jähennemiň boljakdygyna iman getirmek zerurdyr.

Hökman ynanmaly zatlary gysgaça aýdyp geçdik. Sebäbi Jennete girmegiň ilkinji we iň zerur şerti güýçli imana eýe bolmakdyr.

Serwerimiz (s.a.w) kalbynda çigit ýaly iman bolan kişiniň Jähennemden çykarylyp, Jennete salynjakdygyny, kimiň soňky sözi ”Lä ilähe illalla” bolsa, ýagny imany hemra bolsa, şonuň Jennete girjekdigini aýdýar.

Bir gezek Serwerimiziň (s.a.w) ýanyna bir çarwa arap gelip, ondan haýsy amallaryň Jenneti gazandyrjakdygyny sorapdyr. Serwerimiz (s.a.w) oňa Allatagala hiç zady şärik goşman gulluk etmelidigini, günde bäş wagtyna parz namazyny okamalydygyny aýdypdyr. Onda ol çarwa: ”Hemmesi şulardan ybaratmy?” diýip sorapdyr. Serwerimiz (s.a.w) oňa: ”Şol ybadatlary has köp (nepil hökmünde) ýerine ýetirseň, has gowy bolar” diýipdir. Soňra Ol (s.a.w) Ramazanda tutulýan oraza barada-da gürrüň beripdir, munuň bilen bir hatarda, nepil orazasyny tutsa, has köp sogap gazanjakdygyny aýdypdyr. Gürrüňiň dowamynda zekat hakynda-da agzalyp geçilipdir. Çarwa arap gürrüňdeşligiň ahyrynda: ”Walla, şu talap edilýän zatlary ne kem, ne-de artyk – hutma-hut aýdylşy ýaly ýerine ýetirerin!” diýip, ol ýerden arany açypdyr. Serwerimiz (s.a.w) onuň yzyndan garap: ”Kim jenneti birini görmek islese, şol adama seretsin” diýipdir. Bu hadyslaryň ikisinde-de iman we salyh amal nygtalýar.

Amalsyz iman gurulmadyk jaý ýalydyr. Hiç kimiň ol ýerde ýaşasy gelmez. Imansyz amal bolsa binýady berk tutulmadyk jaýa meňzeşdir, derrrew ýykylmak bilen bolar. Gysgaça aýdanymyzda, Jennetiň ebedi bir sagadat ýurdudyr, ony gazanmak üçin güýçli imana eýe bolmaly, salyh amal etmeli hem-de kynçylyklara döz gelmelidir.

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir