Jähennemiň aýratynlyklary

Jähennemdäki ýaşaýyş Kurany Kerimde şeýle suratlandyrylýar: günäkärler Jähenneme baranlarynda, Jähennem olara aýylganç uçgunlar saçar. Uzakdan onuň gaýnap lokurdaýandygy bildirip, uwwuldysy eşidiler durar. Inkär edenler üçin zyndan wezipesini ýerine ýetirýän Jähennem, otdan lybas hem-de düşekleri bilen jähennemdäkileri çar tarapdan gurşap alýan, ýüzlerini daglaýan we ýakýan, hamlaryny sypyryp taşlaýan, ýüreklerine wehim salýan, gyzgyn otdan doldurylan bir çukurdyr. Tutaşdyrlygy ynsanlar bilen daşlar bolan Jähennem doýmak-dolmak bilmez. Ýürege düşgünç yssy we gaýnag suwda, salkyn hem-de ýakymsyz gara tüssäniň kölegesinde boljak dowzahylaryň derileri her gezek ýananda, ejir çeker ýaly, täze hamlar bilen çalşyrylar. Olaryň iýmiti zakgun, içgileri gaýnag suw we iriň bolar. Ol ýerde salkyn ýere ýüzleri düşmeýşi ýaly, içere-de idili içgi tapmazlar.

Allany görmekden mahrum galjak inkär edenleri Alla bagyşlamaz, rahmetine miýeser etmez, olary Jähennem azaby gurşap alar.

Günäkär müminler Jähennemde kapyrlar ýaly ebedi galmazlar, Pygamberimiziň (s.a.w) hadyslarynda-da aýdylyşy ýaly, jezalaryny çekenden soň, Jennete salnarlar.

Käbir hadyslarda Jähennem bilen baglanyşykly şeýle maglumatlar berilýär: ”Jähennemiň iriňinden ýeke bedre iriň bu dünýäniň üstünden guýulsady, dünýädäkileriň hemmesi porsardy.”

”Jähennem haý-höwes perdeleri bilen örtülendir. Ol ýere haý-höwesiň guluna öwrülip, günä işlemek bilen giriler. Jennet hem nebsiň halamaýan ybadatlary bilen goralandyr (Bu ýere hem ybadatyň kynçylyklary bilen giriler).”

”Ynsan oglunyň ýakýan ody Jähennem odunyň ýetmiş böleginden ýekeje bölegidir.”

”Siziň oduňyz Jähennem odunyň ýetmiş böleginden ýekeje bölekdir”. Serwerimiziň (s.a.w) egindeşleri:

– Ýa, Resululla, dünýä ody dowzahylary ýakmak üçin ýeterlik bolsa gerek” diýdiler. Resululla (s.a.w):

– Jähennem ody (mukdar hem san taýdan) dünýä otlaryndan altmyş dokuz dereje artyk edildi. Bularyň her biriniň howry dünýädäki otlaryň howruna deňdir.”

Jähennemde çekilmeli azabyň mukdaryny, derejesini we görnüşlerini diňe Allanyň (jelle jelaluhu) we Onuň Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) bize beren habaryna göre bilip bileris. Kurany Kerimde aýdylyşyna görä, Jähennem kapyrlary doly gurşap alar: ”Jähennem inkär edenleri şübhesiz, doly gurşap alar” (”Toba”, 9/49). Gaýnaýan wagty ses çykarar: ”Rablaryny inkär eden kişilere Jähennem azaby bardyr. Ol nähili erbet ýer?! Şol ýere oklananlarynda onuň gaýnan wagty çykarýan uwwuldysyny eşiderler. Jähennem tas ýarylaýjak bolar. Her topar Jähenneme salnanda, garawullar olara: ”Size, heý, duýduryjy gelmänmidi?” diýip sorarlar. Olar: ”Hawa, dogrusyny aýtsak, bize duýduryjy gelipdi. Ýöne biz oňa ynanmandyk we ”Allanyň inderen zady ýokdur, siz azyp ýörensiňiz” diýipdik” diýerler” (”Mülk”, 67/6-9). Jähennem ody hiç wagt sönmez. ”Biz azgyn kişileri kyýamat güni goýun ýüzli, kör, lal we ker edip direlderis. Olaryň barjak ýeri Jähennemdir. Haçan-da, onuň ody sönmäge başlanda, biz ýalnyny has güýçlendireris” (”Isra”, 17/97). Jähennem doýmany-dolmany bilmez. ”Şol gün Jähenneme: ”Dolduňmy?” diýeris. Ol bolsa: ”Ýene barmy?” diýer” (”Kaf”, 50/30). ”Ot olaryň ýüzlerini dalar, dişleri pökgerip öňe çykar” (”Mü’minun”, 23/104). ”Boýunlary halkaly we zynjyrly gaýnag suwa oklanarlar, soňra otda ýakylarlar” (”Mümin”, 40/70-72). ”Inkär edenlere otdan tikilen eşikler garaşýar. Olaryň depesinden gaýnag suw guýlup, içindäkiler hem derileri erediler. Demirden edilen serdesse hem şolar üçindir. Ol ýerden her gezek çykmak islänlerinde, yzyna kowlarlar. Olara ”Köýdürýän azapdan dadyň” diýler” (Hajj, 22/19-22). Ölmek islärler, emma ölmezler, yzygiderli azap çekerler.

Jähennem ýokardaky aýatlarda suratlandyrylyşyna görä, göýä janly barlyk ýaly, gaýnap joşýan, öz-özüni iýýän, agzyndan köpük saçýan mahlukdyr.

Jähennemlikleriň iýmiti bolan zakgun agajy hakynda Kuranda käbir maglumatlar bar. Ol Jähennemiň düýbünde gögerip ýetişen agaçdyr. Onuň pyntyklary şeýtanlaryň kellesi ýalydyr. Jähennemdäkiler garynlaryny şondan doýrarlar. Soňam gaýnag suw goşulan bir içgiden içerler. Soňra güýçli ýanyp duran oda girerler. Zakgun agajy günäkärleriň naharydyr. Olar gazanda, magdan ergininiň ýa-da suwuň gaýnaýşy ýaly gaýnarlar.

Ibnu Abdullahyň (r.a) aýdan bir hadysynda Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýýär: ”Eger dünýä zakgundan ýekeje damja damdyrylan bolsa, onda ol dünýäniň iýmitlerini zähere öwrerdi. Eger şeýle bolsa, iýmit we içgisi zakgun bolan jähennemlikleriň ahwaly niçikdir (pikir ediň)!”

Jähennem ot bilen azap berilýän ýerdir. Ne ony söndürere, ne-de janyňa berere suw tapylar. Ol ýerde ýürege düşgünç ot, gaýnag suw we iriň berler.

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir