Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalaryň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň «Çagalaryň sesi: milli strategiýalar we howpsuz sanly gurşaw» atly II halkara forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar. Habarda bellenilişine görä, maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Finlýandiýanyň hem-de Ýaponiýanyň Kawasaki şäheriniň çagalaryň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri, Türkmenistandan we Hytaýdan döwlet edaralarynyň hünärmenleri, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri we BMG-niň Baş sekretarynyň çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça ýörite wekili Najat Malla Majid gatnaşdy. Ylmy-amaly mejlisde gatnaşyjy ýurtlarda çaga hukuklaryny üpjün etmek boýunça milli strategiýalar hödürlendi. Şondan soň forum bölümçe mejlisleri görnüşinde dowam etdi. Ýeri gelende bellesek, 2027-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň çagalaryň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň III halkara forumy Gyrgyzystanda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→