20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilýän Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanýar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi öz hünär ugruna laýyk gelýän sergi bölümini hödürlär. Oňa gelýänler talyplaryň döredijilik işleriniň, hünär başarnyklarynyň we başlangyçlarynyň, şeýle hem türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny we medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän önümleriň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka sagat 15:00-da başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→