Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Ilçihananyň berýän habaryna görä, ministr Abbas Aragçi sişenbe güni ir bilen Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow garşylady. Saparyň çäklerinde Aragçi Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer. Taraplar syýasy, ykdysady we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meselelerini maslahatlaşarlar diýip, ilçihanada bellenildi.