Hytaý ilkinji dolandyrylýan maksatnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Aýda iki adam gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada dolandyrylýan kosmos maksatnamasynyň baş inženeriniň orunbasary Wan Sýan Pekinde geçen kosmonawtika boýunça ýedinji maslahatdaky çykyşynda habar berdi. Hytaýyň Aýa uçuş maksatnamasynyň birinji düzümine üç adam girer. Tutumy amala aşyrmak üçin iki sany ýokary agramly «Çançžen-10» raketa-göterijileri ulanylar. Olaryň biri Aýyň orbitasyna gonuş modulyny elter. Ikinjisi ekipažly bolup, iki sany taýkonawt Ýeriň hemrasyna gonuşy amala aşyrjak modula geçerler. Ylmy sapar amala aşyrylandan soňra, enjam hytaýly kosmonawtlary Aýyň üstünden göterip, yza dolanmak üçin orbitada garaşjak esasy kosmos gämisine elter.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→