Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş assambleýasy geçirilýär. Onuň çäklerinde ugurdaş duşuşyklar, hünär forumlary we beýleki çäreler hem guralýar. Assambleýanyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň assambleýasyna gatnaşýar Çärelere Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we beýleki döwletleriň teleradioýaýlymlarynyň guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşýarlar. Assambleýa hünär tejribesini alyşmak, media ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem teleradioýaýlymlaryň işi, sanly özgertmeler we mazmunly media önümlerini taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň assambleýasyna gatnaşýar Assambleýanyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti halkara teleradioýaýlymlar guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirýär. Olarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, tejribe alyşmaga we özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge aýratyn üns berilýär. Bu foruma gatnaşmak Türkmenistanyň, onuň baý medeni mirasynyň we häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň halkara media jemgyýetçiligine tanyşdyrylmagyna hem mümkinçilik döredýär. Türkmen tarapy hünär gatnaşyklaryny we teleradioýaýlymlar guramalarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belleýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan halkara media jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→