Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenlerinden düzülen wekiliýet 24–28-nji noýabr aralygynda «Ýaşyl mekdepleri» sertifikatlaşdyrmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) tejribesi bilen tanyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent we Hywa şäherlerinde bolup, ol ýerdäki umumybilim berýän mekdepleriň işini hem-de «ýaşyl» infrastruktura döretmek boýunça alnyp barylýan işleri içgin öwrendi. Saparyň dowamynda mekdepleri dolandyrmak, energiýadan we suwdan netijeli peýdalanmak, galyndylary aýry-aýry ýygnamak we gaýtadan işlemek, şeýle-de okuwçylarda ekologik başarnyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Daşkent we Hywa şäherlerindäki bilim edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň bilim işgärleri okuw gollanmalaryny kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly işläp taýýarlamak, şeýle-de ene-atalary we ýerli döwlet mekdeplerini ekologik çärelere has işjeň çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Belläp geçsek, Türkmenistanda «Ýaşyl mekdep» taslamasy boýunça işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup durmuşa geçirilip başlanan bu taslama 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň 20 sany mekdebinde ýola goýuldy. Häzirki wagtda maksatnama ýurduň 120 mekdebini öz içine alýar. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijini 500-e ýetirmek meýilleşdirilýär.