Singapur Respublikasynyň Singapur Menejment institutynda «StemCo Global Final (English) 2026» halkara bäsleşigi geçirildi. Oňa saýlama tapgyrlardan üstünlikli geçip, final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dünýäniň 9 döwletinden — Türkmenistandan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Täjigistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Filippinden we Mongoliýadan zehinli mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň toparyna Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasary Öwezmyrat Toraýew bilen şol mekdebiň iňlis dili mugallymy Güljahan Öwezgylyjowa ýolbaşçylyk etdiler. Bäsleşikde zehinli türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşik iňlis dili dersi boýunça we çagalaryň aýratyn ukyp başarnyklary boýunça geçirildi. Iňlis dili boýunça öz ýaşdaşlary bilen bäsleşip aşakdaky baýraklara mynasyp boldular: Medine Allaberenowa – altyn medal Ylham Öwezow – kümüş medal Selbi Begmyradowa – kümüş medal Şasoltan Şalyýewa – bürünç medal Suhanmyrat Gurbanmyradow – bürünç medal Çagalaryň aýratyn ukyp-başarnyklary boýunça saz gurallaryna bolan ukyby bilen Medine Allaberenowa altyn medala, sözleýiş sungaty (Iňlis dilinde köpçüligiň öňünde çykyş etmek) boýunça Şasoltan Şalyýewa altyn medala mynasyp boldular. Mekdep okuwçylaryndan düzülen zehinli türkmen ýaşlary jemi 7 medala (3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç) mynasyp boldular.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→