I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ýurduň gazanan üstünliklerine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Çärä türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi. Gatnaşyjylar milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary goldamak hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama aýratyn üns berildi. Bu başlangyjyň döwletara gatnaşyklaryň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde, parahatçylygy gorap saklamakda we netijeli dialogy ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň soňunda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.