Stambulda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dünýäniň halal ykdysadyýetiniň öňdebaryjy wekillerini birleşdirýän 12-nji Bütindünýä halal sammiti we «Halal Expo» sergisi öz işine başlady diýip, «Anadolu» agentligi habar berdi. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň habaryna görä, çäre ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hemaýatkärliginde we bu edaranyň utgaşdyrmagynda geçýär. Söwda ministri Omer Bolatyň gatnaşmagyndaky çärä dünýäniň halal ykdysadyýetiniň öňdebaryjy wekilleri, döwlet edaralary, halkara guramalar we işewürligiň wekilleri çagyryldy. «Durnukly halal ykdysadyýet: ýitgileriň azaldylmagy we ösüşiň höweslendirilmegi» diýen şygar astynda geçýän 12-nji sammitiň hem-de serginiň çäklerinde jemi 225 kompaniýanyň, şol sanda 153 türk we 72 sany daşary ýurt kärhanalarynyň sergi bölümleri ýerleşdirildi. Sergä jemi 25 sany ýurduň gatnaşýandygyny habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→